Şu gün Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün — 15-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Bu barada Uzdaily habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Raşid Meredow Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki dialogyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistanda saparda bolýar.

Söhbetdeşligiň başynda Raşid Meredow özbek Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Taraplar türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmegiň, goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Özara söwda dolanyşygynda öňegidişlik gazanyldy. Häzirki wagtda Şawat Daşoguz serhetýaka söwda zolagy döredilýär. Özara peýdaly hyzmatdaşlyk senagat hyzmatdaşlygy, energiýa, ulag we logistika we oba hojalygy pudagynda hem dowam edýär.

Duşuşykda sebitara gatnaşyklar we medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl Özbegistanda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçiriler.

Şeýle hem duşuşykda sebitleýin we halkara gün tertibiniň häzirki meseleleri barada pikir alşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
Daşkentde Halkara Türk döwletleri uniwersiteti açylar
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar