Şu gün Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler

Şu gün Fransiýanyň paýtagty Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler. Ýer şarynyň iň uly sport guramaçylygy bolan bu Olimpiada 11-nji awgusta çenli dowam eder.

Oňa dünýäniň 206 ýurdundan 10 müň 700-den gowrak türgen gatnaşýar. Şolaryň arasynda ildeşlerimiz hem bolup, 6 türkmenistanly türgen ýurdumyzyň adyndan wekilçilik ederler.Uly dabara bilen ugradylan ýurdumyzyň wekiliýetinde umumylykda 19 adam bar.

Ildeşlerimiz sportuň agyr atletika, dzýudo, ýüzmek hem-de ýeňil atletika görnüşleri boýunça bäsleşiklere gatnaşarlar.Agyr atletikadan Dawranbek Hasanbaýew gatnaşar we 102 agram derejesinde çykyş eder.Dzýudo boýunça 2 türgen wekilçilik edip, Maýsa Pardaýewa 57 kg, Serdar Rahimow bolsa 66 kg agram derejelerinde ýaryşlara gatnaşarlar.

Suwda ýüzmek boýunça geçiriljek bäsleşiklerde ýurdumyzyň adyndan Aýnura Primowa hem-de Musa Žalaýew çykyş ederler.Primowa 100 metr arkanlaýyn ýüzmek, Žalaýew bolsa 100 metr erkin ýüzmek ýaryşlarynda bäsleşerler.

Walentina Meredowa bolsa ýeňil atletikanyň 100 metre ylgamak ýaryşyna gatnaşar.Ildeşlerimize bu halkara iri sport ýaryşynda uly üstünlikler arzuw edýäris!

Dabara 22:30-da başlanar

206 ýurtdan (2-si ýörite topar Bosgunlar, Bitarap topar) 10 müň 700-den gowrak türgeniň gatnaşýan Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy 22:30-da Sena derýasynda geçiriler.Fransiýaly režissýor hem-de aktýor Tomas Jolliniň ýolbaşçylygynda geçiriljek açylyş dabarasy üsti türgenli gaýyklaryň gezelenji Osterlits köprüsiniň astyndan geçip başlanar.

Eýfel diňiniň deňinden geçen gaýyklaryň gezelenji 6 kilometrlik ýoldan soň Iena köprüsinde tamamlanar. Şol 6 kilometrlik aralykda fransuz medeniýetini, taryhyny aňladýan dürli tanslar, oýunlar, şekiller, sahnalar görkeziler. Şeýle-de, şol 6 kilometrlik aralykda türgenler dünýä belli syýahatçylyk ýerleriniň Notre Dame katedraly, Luwr muzeýi, “Tuileries” bagy, “Les Invalides” ýadygärligi, “Grand Palais” hem-de Eýfel diňi, Parižiň häkimlik binasy ýaly belli binalaryň deňinden geçerler.

Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek däp bolup gelýän ýoluň daşyna çykar. Ýagny ilkinji gezek açylyş dabarasy stadionda geçirilmez. Şonuň ýaly ýyldyzlaryň elden-ele geçirjek Olimpiýa alawy-da stadionda tutaşdyrylmaz.

Açylyş dabarasyna 300 müň tomaşaçynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şolaryň arasynda siýasy wekiller (ençeme ýurduň döwlet ýolbaşçylary, ýokary wezipeli adamlary), sportuň, sungatyň görnükli wekilleri hem bar.

Açylyş dabarasy Ictimai TV, Varzish TV, Eurosport ýaly birnäçe teleýaýlym arkalary halk köpçüligine ýetiriler.

Ýene degişli makalalar

Talyp türgenler Olimpiýa oýunlarynda
Lebapda we Aşgabadyň käbir etraplarynda internet birnäçe sagatlap bökdençis işledi
Türkmenpoçtanyň täze hyzmaty türkmenistanlylara ýurduň medeni durmuşy bilen tanyşmaga we dynç alşy guramaga kömek eder
Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Gapydan gapa çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ähli ýerine ýollamalary ibermek we almak aňsat hem-de ýönekeý
Hun Manet täze Premýer-ministr hökmünde tassyklandy