Şu gün Hindistanda Uly ýigrimiligiň ýygnagy başlanýar

Uly ýigrimiligiň (G20) ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iki günlük sammiti şu gün 9-njy sentýabrda Nýu-Delide öz işine başlar. Oňa şeýle hem dokuz döwletiň (Bangladeş, Müsür, Ispaniýa, Mawrikiýa, Nigeriýa, Niderlandlar, BAE, Oman we Singapur) Liderleri çagyryldy. Esasy çäreler şäheriň merkezindäki Pragati maýdan sergi toplumynyň çäginde geçer diýip, TASS habar berýär.

Sammit üçin täze pawilion guruldy, onuň girelgesinde induizmiň üç baş taňrylarynyň biri Şiwanyň heýkeli oturdyldy.

Sammitiň mowzugyny guramaçy-ýurt hökmünde Hindistan kesgitledi, ol Bir Zemin, bir maşgala, bir geljek diýlip atlandyryldy. Bu çagyryş gadymy hindi dini-filosofiki ýazgylar bolan Upanişad eserinden alyndy. Guramaçylar mowzuk ýaşaýşyň ähli görnüşleriniň — adamlaryň, haýwanlaryň, ösümlikleriň ýaşaýşynyň içki gymmatlygyny we olaryň Ýerdäki hem-de dünýä Älemindäki özara baglanyşygyny beýan edýär diýip nygtaýarlar.

Sammitiň çäklerinde Bir Zemin, Bir maşgala we Bir geljek diýen atlar bilen esasy üç duşuşyk geçer.

BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş şeýle diýýär:

Sammitde Liderler azyk howpsuzlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar we howanyň üýtgemegi baradaky mowzuga ünsi çekerler.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi G20-ligiň sammitiniň çäklerinde dünýä Liderleriniň 15-si bilen ikiçäk duşuşyklary geçirmekçi.

Ýene degişli makalalar

Tramp bilen Modi Ak Tamda duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy
Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär