Şu gün Fetullahçy terror guramasynyň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygynyň 8-nji ýyly

Şu gün Fetullahçy terror guramasynyň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygynyň 8-nji ýyly

Türkiye Respublikasynyň milli jebisligine we bütewiligine zeper ýetirmek niýeti bilen ýurdy garaňkylygya büremek isleýän FETÖ-niň agzalary, 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda agdarlyşyk synanyşygyny amala aşyrdylar.

Türk demokratiýasyny nyşana alan hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygy, türk halkynyň demokratiýany we saýlanan erkini goramak üçin epiki garşylygy bilen yzyna serpikdirildi.

Ýurduň harby we içeri işler edaralary başda bolmak bilen ençeme guramadyr-edaralaryna syzyp, amallaryny 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda amala aşyran FETÖ-niň ganly agdarlyşyk synanyşygy, prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çagyryşyna laýyklykda Türkiyäniň çar tarapynda demokratiýa eýe çykmak üçin meýdanlary dolduran raýatlaryň goldawy bilen puja çykaryldy.

Türk milletiniň edermenligi we tutanýerliligi bilen gazanylan bu ýeňiş, dünýäde özboluşly demokratiýanyň ruhy ýagdaýyny we demokratiýa düşünjesini orta goýdy.

Taryha şanly garşylyk hökmünde giren bu göreşde Türkiyäniň çar tarapynda meýdanlara çykan we özlerini tanklaryň, oklaryň öňüne atan 253 watançy şehit boldy.

Türkiye 15-nji iýul Ýeňeşiniň 8-nji ýylynda watan we baýdak ugrunda gözüni gyrpman janyny beren ähli şehitlerini uly hormat bilen hatyralaýar.

Ýeňiş bilen netijelenen bu manyly garşylyk we göreş ruhuny jemgyýetçilik ýadynda saklamak maksady bilen "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" her ýyl geçirilýän biri-birinden tapawutly çäreler bilen ýatlanýar.

Ýene degişli makalalar

“Millete Ýarag Çeýäne 2016-njy Ýylyň 15-nji Iýulynda Bolşy Ýaly Ýene-de Garşy Durmaga Dowam Edýäris"
ABŞ-nyň ýene-de 4 şäheri 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününi ykrar etdi
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
15-nji iýul Demokratiýa we Milli Jebislik Güni
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny