Şu gün ABŞ-da 60-njy Prezident saýlawlary geçirilýär

Şu gün ABŞ-da 60-njy gezek ählumumy saýlawlar geçirilýär. Amerikalylar Prezidentden we wise-prezidentden başga-da 33 senatory, wekiller palatasynyň 435 agzasyny, 11 ştatyň we iki sebitiň gubernatorlaryny, şeýle hem ýerli häkimiýetleriň dolandyryş edaralaryny saýlaýarlar.

Ak tam ugrundaky göreşde öňki Prezident Donald Tramp we Ogaýo ştatynyň senatory Jeýms Dewid Wans bilen wise-prezident Kamala Harris we Minnesota ştatynyň gubernatory Tim Wols bäsleşýär. Häzirki Prezident Jozef Baýden bäsleşikden çykandan soň Harris demokratlar tarapyndan hödürlenen dalaşgär boldy. Soňky aýlarda dalaşgärleriň ikisi-de işjeň kampaniýalary gurady.

Prezident saýlawynda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgär, saýlawçylar kollegiýasynyň agzalarynyň 538-sinden 270-siniň goldawyny gazanmaly. Saýlawçylar kollegiýasynyň agzalarynyň düzümi bolsa, her ştatda ses berişligiň netijelerine esaslanýar. Kollegiýa agzalarynyň sany senatorlaryň (100) we wekiller palatasynyň agzalarynyň (435) umumy sanyna gabat gelýär. Şeýle hem, oňa Kolumbiýanyň şäher okrugynyň üç wekili girýär.

ABŞ-da, takmynan, 244 million raýatyň ses bermäge hukugy bar.Eýýäm 78 milliondan gowrak amerikaly poçta arkaly ses berdi, bu bolsa saýlawçylaryň işjeňliginiň ýokarydygyny görkezýär.Soňky ýyllarda amerikalylar wagtyndan has öň ses berýärler. Şeýle-de bolsa, poçta bilen iberilen býulletenleriň köp bolmagy sesleriň sanalmagynyň ep-esli yza çekilmegine sebäp bolup biler.

Tramp 2017-2021 ýyllar aralygynda Amerikanyň 45-nji Prezidenti boldy. 2020-nji ýylda geçen saýlawlarda ol häzirki Prezident Jozef Baýdenden asgyn geldi.

Ýene degişli makalalar

Tramp “Ýylyň adamy” boldy
CNN: Donald Tramp ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Kamala Harris Ýeňilendigini Boýun Aldy
Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň 47-nji prezidentligine saýlanyldy
Sýuzan Waýls Ak tamyň diwanyna ýolbaşçylyk eder
Tramp wezipelere belledi