Şu gün dünýäniň iň kynçylykly ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Dakar Rallisine badalga berildi. 43-nji gezek geçirilýän ýaryş yzly-yzyna 2-nji gezek Saud Arabystany döwletinde guralýar. 12 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşa jemi 312 sürüji gatnaşýar.
Olaryň 108-si motosiklçi, 67-si ýeňil ulag sürüjisi, 21-si kwadrasiklçi, 44-si ýük ulaglarynyň sürüjisi, 58-si bolsa UTV görnüşli ulaglary sürýänlerdir.
Jiddadan bat alan ýaryş birnäçe şäherlerden geçip, 15-nji ýanwarda ýene-de Jidda şäherinde tamamlanar.Sürüjiler 14 günläp dowam etjek ýaryşda (1 gün arakesme) 7600 kilometrden gowrak aralygy geçerler. Ýeňil ulag sürüjileriniň arasynda çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden Sebastian Lýobi, Nasser Al-Attiýany, Stefan Peterhanseli, soňky çempiony Karlos Saýnsy görkezmek bolar.
Jidda-Bişa aralygynda 622 kilometrlik 1-nji tapgyrda ýeňil ulaglaryň arasynda soňky çempion Karlos Saýns ýeňiş gazandy.Motosiklçilerden Tobi Praýs, kwadrasiklçileriň arasynda hem fransiýaly Aleksandre Žiru 1-nji tapgyryň ýeňijisi boldy.
Ertirki 2-nji tapgyr Bişa şäherinden Wadi ad-Dawasir aralygynda bolup, ol 685 kilometr aralyga deňdir.
The post Şu gün 43-nji Dakar Rallisine badalga berildi appeared first on Zaman Türkmenistan.