Şu gün 30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy

Şu gün 30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy

102 ýyl ozal şu gün Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylyk etmeginde amala aşyrylan Uly Söweş, Türk goşunlarynyň ýeňişi bilen netijelendi.

1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda ençeme ýyl dowam eden Milli Azat edijilik göreşiniň ýeňiş bilen netijelenendigini buşlaýan, gün hökmünde taryha geçdi.

1922-nji ýylyň iýun aýynyň ortasynda Baş serkerde Mustafa Kemal Atatürk, ýurdy basyp almaga synanyşan Grek goşunyna garşy hüjüm etmek barada karar kabul etdi.

Esasy maksat duşman goşunyny ýok etjek meýdan söweşidi.

Çürt kesik netije alyp boljak görnüşde duşmana hüjüm ediljekdi.

Gazy Mustafa Kemal 3 ýyl 4 aýlyk möhletde türk milletini we goşunyny ädimme-ädim ýeňişe ýetirdi.

Duşman goşunyny dolulygyna ýurtdan çykarmak üçin 1 ýyl dowam eden taýarlyk tapgyrynyň ahyrynda Baş serkerde Mustafa Kemal Paşa, 1922-nji ýylyň 26-njy awgustynda Beýik Hüjümi başlatdy. Türk esgerleri grek goşunynyň gözegçiligindäki ähli ýerleri ýeke-ýeke yzyna basyp aldy.

Dört gün dowam eden Beýik Hüjüm Kütahýa Dumlupynarda Baş serkerdelik meýdan söweşinde ýeňiş bilen netijelendi.

1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda ençeme ýyl dowam eden Milli azat edijilik göreşiniň ýeňiş bilen netijelenendigini buşlaýan gün hökmünde taryh sahypalaryna ýazyldy.

30-njy awgust Ýeňiş baýramy, Beýik Hüjümi hatyralamak üçin Türkiyede we DKTR-da her ýyl 30-njy awgust resmi we milli baýram hökmünde bellenilip geçilýär.

Ýene degişli makalalar

Amasýa Jarnamasy
Atatürküň Doglan Öýüni Görmäge Her Gün Ýüzlerçe Adam Gelýär
Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Anytkabire zyýarat etmäge gelýän adamlaryň sany artýar
Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi
Finlýandiýanyň Prezidenti Ankara Geldi