Şu gün Russiýanyň Krasnoýarsk şäherinde 29-njy gyşky Uniwersiada badalga berler. 12-nji marta çenli dowam etjek bu sport baýramçylygyna 50 ýurtdan 3000 türgen gatnaşýar.Olar sportuň umumylykda 11 görnüşi dag lyžasy, biatlon, bendi (top bilen oýnalýan hokkeý), körling, figuralaýyn typmak, hokkeý, şort-trek, snoubord, fristaýl, lyžaly ýaryş hem-de lyžaly ugur almak boýunça altyn medallaryň 76-sy ugrunda ýiti göreş alyp bararlar.
Uniwersiadanyň açylyş hem-de jemleýji dabaralary “Platinium” arenada geçiriler.Uniwersiada şäherçesinde geçiriljek ýaryşlara tomaşa etmäge 200 müň töweregi tomaşaçynyň gelmegine garaşylýar.Uniwersiadanyň dowam edýän döwründe 5000 meýletinçi hyzmat eder.Sibiriň iri 3-nji şäheri bolan Krasnoýarsk şäheri Uniwersiadany kabul edýän 3-nji rus şäheridir.
Mundan ozal tomusky Uniwersiada 1973-nji ýylda Moskwada, 2013-nji ýylda-da Kazanda geçirilipdi.Halkara uniwersitet sportlary federasiýalarynyň (FISU) garamagynda geçirilýän tomusky we gyşky Uniwersiadalar degişlilikde 1959-njy hem-de 1960-njy ýyldan bäri guralýar. 1949-njy ýylda döredilen FISU-nyň häzirki wagtda 174 agza ýurdy bolup, onuň merkezi edara binasy Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýär.