Şu gün 29-njy Oktýabr Respublika Baýramy…

Şu gün 29-njy Oktýabr Respublika Baýramy…

Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 101 ýyllygy ýurduň çar tarapynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

29-njy oktýabr Respublika baýramyna bagyşlanyp paýtagt Ankarada we Stambul şäherinde dürli çäreler geçirler.

Prezident Erdogan Respublika baýramynda ertiriň irki sagatlarynda döwlet ýolbaşçylary bilen Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik Baştutan Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähine barar.

Prezident Erdogan soň bolsa Prezidentiň Kompleksinde 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasibetli gutlaglary kabul eder.

Prezident R. T. Erdogan, Türk awiasiýa we kosmos senagaty firmasy TUSAŞ-da Gökbeý dikuçarlarynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşar.

Prezident Erdogan agşamara bolsa Prezidentiň Kompleksinde Respublikasyna baýramyna bagyşlanyp ýörite banket berer.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi
Respublika Baýramy Dabaraly Ýagdaýda Bellenilip Geçilýär
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy Türkiyede saparda bolýar
NATO-nyň Baş Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Atatürkiň Aramgähine 1 Günde 1 Million 92 Müň Adam Baryp Gördi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny