Şu dört mesele çözülmese, Türkmenistanda maýa goýum gurşawy gowulanmaz ýerli hünärmen

Şu dört mesele çözülmese, Türkmenistanda maýa goýum gurşawy gowulanmaz  ýerli hünärmen

Göni daşary ýurt maýa goýumlary babatynda ýokary töwekgelçilikli ýurt bolmagynda galýan Türkmenistanyň hökümeti 10-11-nji sentýabrda paýtagt Aşgabatda halkara maýa goýum forumyny geçirdi. Ýerli hünärmenler, işewürler, telekeçiler we maliýe resmileriniň birnäçesi ýurduň maýa goýum gurşawynyň amatsyz bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.

Türkmen resmileri ýaňy-ýakynda paýtagtda geçen maýa goýum forumyna onlarça daşary ýurt döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşandygyny aýdyp, ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini mahabatlandyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan ýerli hünärmenler ýurtda “ýiti ykdysady krizis we syýasy doňaklyk dowam edýän wagtynda geçirilen halkara forumynyň diňe propaganda maksadyna gulluk edýändigini” aýdýarlar.

“Türkmenistanda häzirki dowam edýän çäklendirmeler we ýapyklyk syýasaty netijesinde milli ykdysadyýete daşary ýurt maýalaryny çekmek tas mümkin däl” diýip, ýerli ykdysadyýetçi aýdýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan maýa goýum forumynyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli işewürler, telekeçiler we maliýe resmileriniň birnäçesi ýurduň amatsyz maýa goýum şertleri barada gürrüň berdiler.

Paýtagtly bir işewür ýurtda gurulýan desgalara degişli töleg işleriniň potratçy döwlet edaralary tarapyndan öz wagtynda geçirilmeýändigini, galyberse-de, ilkibaşda döwlet edaralary bilen şertnamalar baglaşylyp, hasaplaşyk resminamalary düzülende, nyrhlaryň pes bolmagynyň ileri tutulýandygyny aýdýar.

“Şeýlelikde, gurulýan binalar, geçirilýän bejeriş işleri talaba laýyk ýerine ýetirilmeýär, ýa-da desgalaryň howpsuzlygy ýeterlik derejede üpjün edilmeýär” diýip, paýtagtly işewür aýdýar.

Maryly we lebaply telekeçileriň birnäçesiniň gürrüň bermegine görä, Türkmenistanda soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda yglan edilen düşewüntli tenderleriň, bäsleşikleriň agramly böleginde esasan Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn töweregine degişli firmalar ýeňiji yglan edilýär.

“Ýeke-ýarty kiçeňräk we rentabelligi pes bolan taslamalar diýäýmeseň, galan ähli sähelçe pullurak sargytlaryň ählisiniň tenderlerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegenlerine we garyndaşlaryna degişli firmalar ýeňiji tapylýar. Bu hem, öz gezeginde, bir tarapdan, döwlet býujetiniň ogurlanmagyna getirse, beýleki tarapdan, gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň hiliniň köp halatda pes bolmagyna getirýär. Emma muňa hiç kim seredenok” diýip, maryly telekeçi gürrüň berýär.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly eden çykyşynda daşary ýurtly maýadarlaryny Türkmenistanyň “nebitgaz, himiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklarynda durmuşa geçirilýän taslamalara” gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan göni daşary ýurt maýa goýumlary babatynda töwekgelçilikli ýurt hasaplanýar.Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti 2024-nji ýyl boýunça maýa goýum gurşawlary hasabatynyň Türkmenistana bagyşlanan bölüminde, “hökümetiň ykdysadyýete tas doly diýen ýaly gözegçilik etmegi, daşary ýurt walýutasynyň berk gözegçilikde saklanylmagy, endemik korrupsiýa, ýapyk we ýadadyjy býurokratiki prosesler hem-de gowşak täjirçilik kanunçylygy we kadalaşdyryjy düzgünler sebäpli” bu ýurduň maýa goýum gurşawynyň amatsyz bolandygyny aýtdy.

Ýöne ýerli telekeçilere görä, ýurduň maýa goýum gurşawy diňe bir daşary ýurtly maýadarlar üçin däl, eýsem, ýerli kompaniýalar üçin hem amatsyz bolmagynda galýar.

“Hususy firmalar üçin sargyt almak uly töwekgelçilik bolup durýar, döwlet taslamalaryna maýa goýjak işewür hem tapylmaýar, sebäbi taslamalara çykaran puluňy yzyňa aljagyň belli däl, gurulýan desgalar hem dolulygyna işe girizilmeýär” diýip, gurluşyk pudagynda iş alyp barýan bir lebaply işewür aýdýar.

Ol Garlykdaky dag magdanlary zawodyny, Türkmenabat Farap, Kerki Kerkiçi demir ýol köprülerini, Türkmenabat we Kerki halkara aeroportlaryny mysal getirip, ýurtda gurlup ulanylmaga berilse-de, doly kuwwatynda işe girizilmeýän desgalara salgylandy.

“Bu gurluşyklara çykarylan pullary häzirki ýapyklyk syýasatynda hiç haçan hem yzyna alyp bolmaýar, peýda görmek barada gürrüň hem ýok. Şonuň üçin hem, belarus we türk firmalary Türkmenistan bilen ençeme gezek sudlaşdy” diýip, lebaply raýat aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda Türkmenistan Hytaý gaz geçirijisini, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Balkan welaýatynda işe girizilen käbir senagat desgalaryny ýurtdaky iri maýa goýum taslamalaryna mysal görkezdi.

Şol bir wagtda, türkmen prezidenti Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegine salgylanyp, bu iri taslamanyň Türkmenistanyň öz maýa goýum serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol Türkmenistan Owganystan Pakistan ugry boýunça badalga berlen elektrik, ulag we aragatnaşyk taslamalaryna salgylandy.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň sezewar bolýan ykdysady kynçylyklaryny elmydama gytaklaýyn inkär edýär we ýurtda gazanylandygy aýdylýan ösüşleriň media serişdeleri tarapyndan wagyz edilmegini tutanýerlilik bilen talap edýär.

Şol bir wagtda, türkmen hökümeti 19-njy sentýabrda ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisini geçirmegi meýilleşdirýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň maýa goýum gurşawlary boýunça hasabaty Türkmenistanyň daşary ýurtlarda saklaýan 45 milliard dollar möçberindäki walýuta serişdeleri, şeýle-de her ýylda gaz söwdasyndan alýan 10 milliard ABŞ dollary möçberindäki maliýe serişdeleri sebäpli, köpmilletli kompaniýalar bilen arada önümçiligi we girdejileri paýlaşmak hyzmatdaşlyklaryny “göwnemeýän bolup biler” diýdi.

Türkmenistanyň hökümeti wagtal-wagtal Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy ýaly iri halkara taslamalaryň öňünde maliýe-ykdysady päsgelçilikleriň ýokdugyny aýdyp, şol bir wagtda ýurtda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklary gytaklaýyn inkär edýär, muňa garamazdan, ýurt raýatlary ykdysady kynçylyklardan şikaýat edýär, galyberse-de, halkara maliýe institutlarynyň hasabatlary Türkmenistanyň hökümetiniň hödürleýän ösüş sanlary bilen ylalaşmaýar.

Ýerli işewürler we telekeçiler maliýe-ykdysady pudakda dowam edýän meselelere garalmasa we olara degişli çözgütler hödürlenmese, ýurduň ykdysadyýetinde we syýasatynda özgerişleriň boljagyna ynanmaýarlar.

"Ýapyk ýurduň ýapyk ykdysadyýetiniň ýapyk statistikasynyň sanlary näbelli wagtynda, haýsy maýa goýumdan gürrüň etmek bolar? Häzirki ýagdaýy seljerip, ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň öňünde berk böwet bolup durýan şu çäklendirmeleri haýdan-haý aýyrmaly:

Şu dört möhüm mesele çözülmese, ýurduň ykdysadyýetinde hem, syýasatynda hem gerekli özgerişler bolup bilmez” diýip, türkmen ykdysatçysy aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
Sarymeýdan obasyny agyz suwy we güzeran kynçylygy heläk edýär
06.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: ulag we aragatnaşyk
2017-nji ýylyň ýylýazgysy: ulag we aragatnaşyk
Türkmenistanda ýol gurluşygynyň depgini ýokarlanýar