Studentlerden ýurtdaky ýagdaýdan habar berýän surat-wideolary paýlaşmazlyk talap edilýär

Studentlerden ýurtdaky ýagdaýdan habar berýän surat-wideolary paýlaşmazlyk talap edilýär

Türkmenistanda Ýokary okuw jaýlarynyň we orta hünär mekdepleriniň studentlerine ýene-de basyş edilýär. Güýç edaralarynyň wekilleri okuw jaýlaryna aýlanyp, studentlerden sosial ulgamlarda ýurtdaky problemalaryň üstüni açyp görkezýän suratlary we wideolary paýlaşmazlygy talap edýärler.

Kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň studentlerden paýlaşmazlygy talap edýän maglumatlarynyň biri tebigy hadysalara degişli. Güýçli ýagyşlaryň, tozanly ýelleriň netijelerini we ýetirýän zyýanyny surata düşürmegiň we sosial mediada paýlaşmagyň gadagandygy ýaşlara aýdylýar we munuň üçin jeza bermek bilen haýbat atylýar.

Habarçylaryň sözlerine görä, ýaşlardan dilhaty hem alynýar.

"Türkmenistanyň güýç gulluklary ýokary okuw jaýlarynyň we ýörite mekdepleriň talyplaryna görýän we şaýat bolýan hadysalary telefona wideo we foto düşürmejekdikleri we sosial torlarda ýaýratmajaklary barada dilhaty ýazdyrýarlar. We munuň üçin jenaýat kodeksi bilen haýbat atýarlar" diýip, çeşmeleriň biri 5-nji noýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kanun goraýjy gulluklaryň ýaşlara gözegçiligini artdyrmagynyň sebäbi türkmenistanlylaryň sosial mediadaky maglumat paýlaşmak aktiwligi bilen bagly.

"Soňky wagtlar türkmen ýaşlary, ýokary we ýörite bilim berýän mekdepleriň talyplary öz görýän tebigy hadysalary, ýaşaýan welaýatlaryndaky südenekli, çukurly ýollary surata düşürüp, sosial torlarda köp paýlaýarlar.Bu bolsa türkmen hökümetiniň ýurdy ähli taraplaýyn asuda, abadan we üpjün edip görkezmek isleýän döwlet syýasatyny ýalana çykarýar. Şeýlelikde ýurt ýolbaşçylary güýç edaralarynyň alyp barýan işinden nägile bolýar we ilata basyşy artdyrmagy talap edýär" diýip ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyga gürrüň berdi.

Çeşme häkimiýetleriň güýç edaralaryň işgärlerinden ilata basyş etmek üçin peýdalanýandygyny bellemek bilen, Milli Howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, prokuraturanyň işgärlerine olaryň ýurtda iň ýokary aýlyklydygynyň ýolbaşçylar tarapyndan soňky wagtda köp ýatladylýandygyny habar berdi.

Polisiýa işgärleriniň we MHM-niň wekilleriniň okuw jaýlaryna saparlary wagtal-wagtal geçirilýär. ÝOJ-larynyň studentleriniň we orta mekdepleriň okuwçylarynyň mobil telefonlary barlanýar. Olardan VPN-den peýdalanmazlyk, sosial ulgamlaryna girmezlik, maglumat paýlaşmazlyk talap edilýär.

Şeýle talaplar döwlet-edara kärhanalarynyň işgärlerinden hem edilýär.

Mundan öň Azatlyk Radiosynyň habarçylary studentlerden, mekdep okuwçylaryndan we býujet işgärlerinden köpçülikleýin dilhatlarynyň alnandygy, mobil telefonlarynyň barlanandygyny, ilatyň soraga çekilip, haýbatlara sezewar bolandygy ençeme gezek habar beripdi.

Ilat üçin internetiň elýeterliligini, maglumat almak hukugyny çäklendirýän Türkmenistan ýyllarboýy dünýä derejesinde söz azatlygyny iň gödek depeleýän ýurtlaryň hatarynda galýar. Emma türkmen hökümeti ýurtdaky problemalary, hatda soňky wagtda ýygjamlaşan tebigy hadysalaryň bolýandygyny boýun almak islemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýa syýahatçylyk wizasy bilen barýan türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan çykmagy kynlaşdy
ÝOJ-larda synag möwsümi golaýlaýar, paranyň mukdary kesgitlenýär
Türkmenistanda güýç edaralaryna studentleriň arasynda işgär gözlenýär
Güýçli ýagyn paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryna zyýan ýetirdi
Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda PKK-a agza jemi 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkmenistan hasyl toýuny belledi, daýhanlar döwlete ýene bergili galdy