Häzirki wagtda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe ruhy sagdynlygymyza ünsi güýçlendirmek, ony aýamak wajypdyr. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna görä, şu aşakdakylary berjaý etmek arkaly stres bilen çynlakaý göreşip bilersiňiz:
Ynsanyň käwagt stresli, gorkuly, dartgynly we düşnüksiz duýgulary başdan geçirmegi tebigy ýagdaýdyr. Şeýle ýagdaýda ýürekdeş adamlaryňyz bilen gürleşmek bulary ýeňip geçmäge kömek eder. Mundan başga-da, ýakyn dostlaryňyz bilen habarlaşyp duruň!
Eger-de wagtyňyzy köplenç öýde geçirýän bolsaňyz, sagdyn durmuş ýörelgelerini dowam etdiriň sagdyn iýmitleniň, ukyňyzy alyň we dürli maşklary ýerine ýetiriň! Maşgala agzalaryňyz bilen aragatnaşykda boluň!
Alkogolly içgilerden, çilimden ýa-da beýleki zyýanly endiklerden gaça duruň! Saglyk hünärmenleri bilen gürrüňdeş boluň! Fiziki we ruhy taýdan kömek zerur bolan halatynda, nirä we nähili ýüz tutmalydygy barada öňünden meýilnamaňyzy taýýarlaň!
Takyk maglumatlardan peýdalanyň! Öz wagtynda öňüni alyş çärelerini gurnamak üçin töwekgelçiligi anyk kesgitlemäge kömek etjek maglumatlary ýygnaň! Resmi çeşmelere ýa-da ýerli saglygy goraýyş edaralary ýaly ygtybarly maglumat alyp biljek ýerleriňize ýüz tutuň!
Geçmişde size kynçylyklardan gutulmaga kömek eden ukyplaryňyzy ulanyň! Olar size duýgularyňyza erk etmäge kömek eder.