“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär

“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär

Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa baradaky rezolýusiýany sesleriň köplügi bilen kabul etdi. Onda sebitiň ýurtlary adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge we ÝB bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga çagyryş edýärler.

Dokument resmi taýdan Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň kesgitlemesi diýlip atlandyryldy. Ses berişlik Ýewropa Parlamentiniň 17-nji ýanwarda geçirilen plenar mejlisinde boldy. 543 deputat resminamanyň kabul edilmegini goldady, 42-si garşy, 44 deputat hem ses bermekden saklandy.

Hasabat boýunça esasy çykyş eden daşary işler komitetiniň adyndan, germaniýaly deputat Karsten Lukke boldy. Ýewropa Parlamentinde ses berişlikden soň Lukke sosial ulgamda: "Täze hyzmatdaşlyga tarap, täze ýollary tapmak biziň özgerýän geosyýasy şertlerimizde örän wajypdyr" diýip ýazdy.

Jemagat maglumatyna görä, dokumenti taýýarlamak işleriniň gidişinde, ol birnäçe gezek Gazagystana baryp, hökümetiň ýokary agzalary bilen duşuşdy. Onuň hasabatynyň esasy özeni "Bütindünýä we sebitleýin geosyýasy üýtgeşmeleriniň barşynda, ÝB bilen Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini we kynçylyklary seljermekden" ybarat bolup durýar.

SYÝASY TUSSAGLAR WE ADAM HUKUKLARY

Resminamada Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagynyň jogapsyz galdyrylýandygyna alada beýan edilýär we gynamalar hem adam hukuklarynyň dürli bozulmalary baradaky aýdylýan aýyplamalaryň garaşsyz hem düýpli barlanmagyna çagyryş bar.

Hasabatda soňky ýyllardaky graždanlaryň hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmalary bilen utgaşyp, ençeme adam heläkçiliklerine getiren wakalar ýatlanylýar. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda, Gazagystanda bolup geçen köpçülikleýin protestleri we onuň yzýany dörän pitneleri togtatmak üçin, ýurduň häkimiýetleriniň berk çäreler ulanandygy (ol ganly ýanwar diýip tanalýar) nygtalýar. Şeýle hem Täjigistanyň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda pamirlileriň protesti bilen baglanyşykly häkimiýetleriň geçiren rehimsiz çäreleri, Özbegistanyň düzümindäki Garagalpagystan awtonom Respublikasyndaky gozgalaňlaryň güýç bilen ýatyrylmagy we gyrgyz-täjik serhedindäki çaknyşyklar bellenýär.

Resminamada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häkimiýetlerine ähli “syýasy tussaglary" azatlyga goýbermek barada çagyryş edilýär.Onda ýigrimiden gowrak adamyň atlary geçilýär.Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň aýtmagyna görä, Aýgerim Tleužan, Marat Žylanbaýew, Bekižan Mendigaziýew, Timur Dänebaýew we Kaýrat Kylyşew (Gazagystan); Azimbek Beknazarow, Aýbek Buzurmankulow, Aýdanbek Akmatow, Temir Mahmudow, Marat Baýazow (Gyrgyzystan); Dauletmyrat Täjimyratow, Allabaý Tokymbetow, Nurlan Naýypow, Emirbek Edilbekow (Özbegistan); Faromuz Irgaşow, Ulfathonim Mamadşoýewa, Hursand Mamadşoýew, Huşruz Jumaýew (Täjigistan); Ömruzak Omarkulyýew, Myrat Duşemow, Myrat Öwezow, Mansur Mingelow, Nurgeldi Halykow (Türkmenistan) dagy syýasy sebäpler esasynda tussag edilenlerdir.

Kararda iň ýapyk ýurtlaryň biri bolan Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy elhenç diýip atlandyrylypdyr. 2022-nji ýylyň Garagalpak protestleriniň häkimiýetler tarapyndan rehimsiz basylyp ýatyrylandygy-da aýdylýar. Hasabatyň awtorlary gazak häkimiýetlerini ýanwar wakalary boýunça barlaglaryny tamamlamaga we öz netijelerini köpçülige ýetirmäge, şeýle hem gynamalardan ejir çekenlere adalaty üpjün etmäge çagyrýarlar.

Kararda žurnalistleriň, blogçylaryň, adam hukuklaryny goraýjylaryň we raýat jemgyýetiniň aktiwistleriniň yzarlanmagy barada, aladalar beýan edildi. Häkimler kanuny taýdan bolaýmaly söz azatlygyny çäklendirýärler, şol sanda döwlet korrupsiýasy we zorluk-sütemler barada gürrüň edýänleri "ýalan maglumatlary ýaýratmakda", "ýigrenji oýarmakda", "ekstremizmde" aýypladylar.

Şeýle hem dokumentde bellenişine görä, Merkezi Aziýada deňsizligiň artmagy, "parahorlugyň we kleptokratiýanyň giňden ýaýramagy" döwlete bolan ynamy gaçyrýar, raýatlary döwlet gullugyna bolan hyzmatdan mahrum edip, ykdysady ösüşi haýalladýar. Merkezi Aziýanyň hökümetleri "çäkden çykýan korrupsiýa garşy" çäre görmeli diýilýär.

2022-nji ýylyň ýanwarynda, Ýewropa Parlamentiniň deputatlary parahatçylykly protestlerden soň, ýüze çykan ägirt uly zorluk aktlaryny ýazgarýan karary kabul etdiler we Gazagystanyň häkimiýetlerini "terrorçylyk" aýyplamalaryny juda giň ulanmakdan gaça durmaga çagyrdylar.

Geçen ýylyň oktýabrynda, Ýewropa Parlamenti 2022-nji ýylyň 1-2-nji iýulynda, Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan wakalarda, howpsuzlyk güýçleriniň hereketleri hem-de adamlaryň ölümi barada, "düýpden garaşsyz we ala tutmajak" barlag çärelerini geçirmegi talap edýän karary kabul etdi.

Merkezi Aziýa baradaky täze karar Merkezi Aziýa hökümetleriniň garaşsyz media serişdelerini ýapmak we täjik we gyrgyz websaýtlaryna girmäge päsgel bermek çäreleriniň döwrüne, şeýle hem Gazagystanda we Gyrgyzystanda göz öňünde tutulan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kanunlarynyň taslamasy, ýagny "media hereketlerine döwlet gözegçiligini berkleşdirmegi güýçlendirmek howpy abanýan" wagta gabat geldi.

"Freedom House" guramasynyň 2023-nji ýylda dünýä azatlygy baradaky hasabatynda, Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisi-de "erkin däl", awtoritar režimli diýlip kesgitlenilýär. 2023-nji ýylyň Bütindünýä metbugat azatlygynyň indeksi Merkezi Aziýada media azatlygynyň ýagdaýynyň düýpli ýaramazlaşandygyny habar berdi.

RUSSIÝANYŇ ÇETLEŞDIRILMEGI

Russiýanyň Ukraina garşy agressiw urşa başlandygy üçin, girizilen çäklendirmeler sebäpli Orsýetden sowa Merkezi Aziýanyň üsti bilen söwda ýollarynyň berkidilmegi YB-niň Gündogara giňelmek maksady we sebitde Hytaýyň barha artýan täsiri resminamanyň awtorlarynyň pikirine görä, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyny "doly gaýtadan gözden geçirmegi" talap edýär.

Resminamada aýdylyşyna görä, Orsýetiň Ukraina garşy agressiw urşy we onuň netijeleri agyr kynçylyk döretdi, ýöne şol wagtyň özünde-de, däp bolup gelşi ýaly, Moskwa bilen ýakyn gatnaşyk saklan Merkezi Aziýa döwletleri üçin mümkinçilik döretdi.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň hiç biri resmi derejede Russiýanyň Ukraina çozmagyny goldamady we ruslaryň Ukrainadan basyp alan ýerlerini ykrar etmedi.

Resminamada rus resmileriniň we propagandaçylarynyň Merkezi Aziýa ýurduna, hususan-da Gazagystana garşy olaryň territorial bitewiligine we döwletlilik syýasatyna şübhe bildirmek ýaly, agressiw äheňleri ulanmagyny dowam etdirýändigine ünsi çekýär.

Resminamada bellenişine görä, Orsýetiň Ukraina garşy urşy we milletçilikli beýanatlary Russiýanyň sebitdäki pozisiýasyny gowşatdy we Merkezi Aziýany beýleki oýunçylar bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge höweslendirdi, ol oýunçylar bolsa, "Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirdiler". Häzir ÝB-niň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge we sebitde has abraýly orun eýelemäge mümkinçiliginiň bardygy nygtalýar.

Şol bir wagtda, Russiýadan günorta tarapa Gazagystanyň üsti bilen we onuň territoriýasyndan gaz üpjünçiligi boýunça ylalaşyga gol çekilmegi netijesinde, "Russiýa baglylygyň döredilmegi" barada alada bildirilýär. Dokumentde Orsýetiň Ukrainadaky harby çaknyşyklary üçin, Merkezi Aziýadan bolan migrantlary we raýatlary özüne çekmegi ýazgarylýar we şeýle işleriň soňuna çykmak ugrundaky herekete goldaw bildirilýär.

ÝB-niň deputatlary tarapyndan, durnukly ösüş, aragatnaşyk, energetika, çig mal, şeýle hem Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän esasy sebit hökmünde Merkezi Aziýany nazarda tutmak bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkindigi bellenildi. Bu kontekstde Ukrainadaky krizisiň düýpli geosyýasy netijelerini ýatlap, "Russiýanyň territoriýasyndan sowa geçýän Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky alternatiw we durnukly ýol hökmünde" Ortaky koridory täzeden herekete girizdi.

SANKSIÝALAR DÜZGÜNI

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öz territoriýalarynyň sanksiýalardan gizlin geçmek üçin peýdalanylmazlygy ugrunda tagalla edýändigi aýdylýar. Hususan-da, bu kararda gazak häkimiýetleriniň "şübheli söwda amallarynyň anyklanan halatynda" administratiw çäreleri görmegi gutlanyldy.

Şunuň bilen bir wagtda, resminamada "bölekleýin ýagdaýda Orsýete we Belarusa girizilen sanksiýalaryň çäginden çykmak mümkinçiligini azaltmak maksady üçin", ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen syýasy gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň zerurlygy nygtalýar.

Täze resminamanyň awtorlary ÝB-ni Merkezi Aziýa strategiýasynda, tapawutly çemeleşmäni ulanmaga çagyrýarlar, bu bolsa Russiýa garşy sanksiýa syýasaty boýunça, ÝB bilen hyzmatdaşlygyň derejesiniň nähili boljagyny görmäge mümkinçilik berip biler. Harytlaryň Merkezi Aziýa ýurtlary arkaly Orsýete "düşmezligini" nazara almak bilen ÝB-niň eksporta gözegçiligi üpjün etmegiň ähmiýeti hem nygtalyp geçilýär.

Kararda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň häkimiýetlerine sanksiýalardan sowa geçmegiň öňüni almak boýunça tagallalaryny güýçlendirmek üçin, ÝB, hususan-da, onuň sanksiýa wekili bilen ýakyn hyzmatdaşlyk teklip edilýär.

Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli agressiýasy başlanandan soň, bu üç ýurtda hasaba alnan kärhanalaryň Kremliň uruş maşynyna kömek edýändigi anyklandy.Hasabaty yglan ediji Karsten Lukeniň alan materiallaryna görä, çeşmeleriň arasynda Open Dialogue gaznasy hem bar.

Bilermenler geçen ýyl Gazagystandan Russiýa harby ulgama degişli harytlaryň eksportynyň artmagynyň aýdyňlaşdyrylmagyna kömek etdi.

Resminamada aýdylyşyna görä, Merkezi Aziýa howpsuzlyk nazaryndan ÝB üçin, strategik taýdan möhüm sebitdir, ýene-de energiýa we serişdeleriň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ugrundan baglydyr. Şeýle hem ÝB Russiýadan sowa söwda we energiýa koridorlaryny döretmäge belli derejede gyzyklanma bildirýär.

Ilkibaşda ÝB-niň 2007-nji ýylda kabul edilen strategiýasynyň ýerine 2019-njy ýylyň iýunynda, ÝB Merkezi Aziýa üçin, täze strategiýasyny kabul etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

DIM: Türkmenistan Özbegistandaky wakalar bilen bagly goldawyny bermäge taýýar
Özbegistan barada maglumatlar
Şu gün Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada sapary başlanýar
Özbegistanda dünýäde iň iri ýel elektrik stansiýasy peýda bolar
Ýaşyl seýilgähler dörediler
Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar