Strategik hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň dost-doganlyk ýörelgesiniň esasy bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda gazanýan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar.

Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň syýasy, hukuk, ykdysady we medeni giňişligine üstünlikli goşulyşýar.Garaşsyz döwletimiz daşary ýurtlaryň 150-ä golaýy bilen diplomatik gatnaşyklary hem-de dünýäniň 100-den gowrak ýurdy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Türkmenistan 50-ä golaý halkara guramalaryň agzasy bolup, 150-den gowrak halkara Konwensiýalara, şertnamalara we köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar.Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň geriminiň has-da giňeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygynda Russiýa Federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine şu ýylyň 30-njy martyndan 2-nji apreli aralygynda bolan iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejelere çykarmaga giň mümkinçilikleri döretdi.

Häzirki wagtda ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda nebitgaz, himiýa, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, ulag, söwda-ykdysady, ylym-bilim toplumlarynda we saglygy goraýyşda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri hem-de beýleki sebitler bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan türkmen-rus gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Özara bähbitlilik hem-de dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanan türkmen-rus gatnaşyklarynyň esasynda köp ugurlarda hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär.

Hususan-da, ýangyç-energetika, senagat, oba hojalygy we beýleki ugurlarda gatnaşyklar netijeli häsiýete eýe bolýar we şonuň netijesinde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy yzygiderli ýokarlanýar.Türkmen-rus gatnaşyklary oba hojalygy ulgamynda hem giňden ösdürilýär.

Türkmen oba hojalyk önümleri Russiýanyň bazaryna iberilýär.Oba hojalygynda tohumçylyk babatda hem gatnaşyklar alnyp barylýar.

Russiýanyň kompaniýalarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ylmy işi talap edýän önümçilikleri döretmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Lukoýl açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenýän ulgamyň, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gaz we nebithimiýa senagatynyň ösdürilmeginde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.Paýtagtymyz Aşgabatda iri taslamalaryň biri bolan sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşygy Russiýa Federasiýasynyň Wozroždeniýe önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine sebitara we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, ýaşlar syýasaty ugurlarynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy girizildi.

Mundan başga-da, atçylyk sungaty ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleriniň Russiýanyň döwlet sirkiniň we Moskwanyň uly döwlet sirkiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Bu duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk barada ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Umuman, bu sapar türkmen-rus stragetik hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere ýetirilmegine hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň pugtalanmagyna ýardam eder.

Şatlyk MUHAMMETGULYÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

The post Strategik hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Aşgabatda Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary atly halkara maslahat geçiriler
Berdimuhamedow Lukoýl açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “LUKOÝL” AÇYK PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Lukoýlyň başlygy bilen duşuşyk: Hazaryň türkmen kenaryna gyzyklanma barha artýar
“Lukoýl” kompaniýasy “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmaga isleg bildirýär