NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýa bilen dowam edýän söweşiň uzak wagt dowam edip biljekdigini nygtap, Ýewropa ýurtlaryna ýarag önümçiliginiň artdyrylmagy barada çagyryş berdi.
Stoltenberg, Nemes “Welt am Sonntag” gazetine beren beýannamasynda, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Ukraina söweşi barada durup geçdi.
Stoltenberg, Ýewropa ýurtlarynyň ýarag we ok-däri önümçiligine uly ähmiýet bermelidigini aýtdy.
Ýens Stoltenberg, erkin bazar ykdysadyýetinde ýarag öndürýän firmalaryň önümçiligini artdyrmagy üçin degişli ýeňillikleriň döredilmelidigini nygtady.
Günbatarly ýurtlaryň hem önümçilikde hem-de maýa goýumda Russiýany geçip biljek mümkinçilige eýedigini nygtan Stoltenberg, “Günbataryň ykdysadyýeti we senagaty Russiýanyň ykdysadyýetinden we senagatyndan has güýçli” diýdi.