Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi

Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Russiýa-Ukraina uruşynyň başlan gününiň 2-nji ýylynda X sosial media hasabyndan beýannama berdi.

"Söweş meýdanyndaky ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar. Russiýanyň Döwlet baştutany Wlaidmir Putiniň Ukraina eýe bolmak maksady üýtgemedi. Parahatçylyga taýarlanýandygy barada hiç hili alamat görünenok" diýip aýdan Stoltenberg, Ukrainanyň Russiýany basyp alan territoriýasynyň ýarsyndan, Gara deňiziň uly böleginden yzyna serpikdirendigini habar berdi.

Ýens Stoltenberg bu ýagdaýda NATO ýaranlarynyň harby we ykdysady goldawynyň möhüm rol eýeländigini belläp, geçen birnäçe hepde ozal ýaranlaryň milliardlarça dollar gymmadynda täze kömek bukjasynyň beriljekdigini aýan edendiklerini mälim etdi.

Putiniň bu uruşy NATO-nyň öňüni kesmek, Ukrainanyň agzalygyna böwet bolmak üçin başladandygyny aýdan Ýens Stoltenberg, tersine Ukrainanyň NATO hemişekiden has ýakyn ýagdaýa gelendigini aýan etdi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi. Biz sizi şol güne taýarlarkak, NATO Ukrainanyň ýanynda durmaga dowam eder" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
NATO Sammiti Başlady
“Eýran, Sebitiň Durnuklylygyny Bozýar”
Türkiýe, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
NATO Agza Ýurtlaryň Baş Ştabynyň Başlyklary Brýusselde Jemlenişdi