Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi

Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi

NATO-nuň Baş sekretary Ýenes Stoltenberg Ukrainanyň howa goranyş ulgamlarynyň başda durmagynda goşmaça harby kömege zerurlygynyň bardygyny nygtap, ýaran ýurtlara goldawlaryny artdyrmagy üçin çagyryş etdi.

Ýens Stoltenberg NATO-nuň Brýusselde ýerleşýän Ştab kwartirasynda Gollandiýanyň wagtlaýyn hökümetiniň Premýer-ministr Mark Rutte, Daniýanyň Premýer-ministri Mette Frederiksen we Çehiýanyň Premýer-ministri Fiala bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Baş sekretar duşuşan liderleri bilen Ukraina howa goranyş ulgamlary boýunça berilýän goldawyň artdyrylmagy hakynda pikir alyşandyklaryny nygtap; “Eýsem söweş meýdanyndaky şertler henizem iňňän agyr we Ukrainanyň goldawyň artdyrylmagy üçin beren açyk we gyssagly çagyryşyny ählimiz eşidýäris” diýdi.

Daniýanyň, Gollandiýanyň we Çehiýanyň Ukraina kömek bermekde eýeleýän pozisiýasynyň ähmiýetine ünsi çeken Stoltenberg, ýakyn günlerde Amerikan Kongresinde-de Ukraina kömek bukjasy boýunça oňyn başlangyç edilmegine umytly garaýandygyny beýan etdi.

Ukrainanyň häzirki wagta çenli berilen kömeklerden has köp kömege zerurlygynyň bardygyny nygtan Stoltenberg; “Ine şu sebäpli ýaranlar NATO-nuň ukyp maksatlaryna ýetmek bilen Ukraina artykmaç kömek bermekden birini saýlap almaly. Meniň pikirim açyk: Ukraina has köp kömek berin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
NATO-nuň Baş Sekretarlygyna Mark Rutte Saýlandy
“Eýran, Sebitiň Durnuklylygyny Bozýar”
Türkiýe, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
NATO Agza Ýurtlaryň Baş Ştabynyň Başlyklary Brýusselde Jemlenişdi