Stoltenberg: "Russiýanyň ýitgisi uly" diýdi

Stoltenberg: "Russiýanyň ýitgisi uly" diýdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen NATO agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň ahyrynda geçiren metbugat ýygnagynda, iki günüň dowamynda Ukraina, Hytaý, Günbatar Balkanlar ýaly ençeme meseläni ele alandyklaryny habar berdi.

Ukrainadaky ýagdaýyň hem üstünde durup geçen Ýens Stoltenberg, Russiýa tarapyndan ele salynan sebitleriň 50 göteriminiň Ukrainanyň goşuny tarapyndan yzyna alynandygyny aýan etdi.

Ukrainanyň özygtyýarly bir döwlet hökmünde barlygyny dowam etdirýändigini, onuň bolsa iň uly üstünlikdigini aýdan Stoltenberg, Russiýanyň çaknyşyklarda uly ýitgiler çekendigini we ykdysady taýdan gowşandygyny mälim etdi.

Stoltenberg syýasy taýdan Russiýanyň diňe Ukrainada däl, eýsem Kawkazda we Orta Aziýada ýagny ýakyn töwereginde hem täsirini ýitirendigini belläp: "Russiýa mundan başgada Hytaýa has köp garaşly ýagdaýa öwrülýär. Moskwa ýylsaýyn geljegini Pekine ipoteka edýär. Harby taýdan Russiýa adaty güýçleriniň uly bölegini ýitirdi. Ýüzlerçe uçar, müňlerçe tank we 300 müňden gowrak esger ýitirdi" diýip habar berdi.

Russiýanyň ykdysady taýdan basyş astyndadygyny, nebit we gaz girdejileriniň peselendigini, 1000-den gowrak daşary ýurt kärhanalarynyň ýurtdaky işlerini bes edendigini ýa-da kiçeldendigini we geçen ýyl 1,3 million adamyň Russiýany terk edendigini aýdan Stoltenberg: "Ähli bu zatlar Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Ukrainany basyp almak bilen strategik ýalňyşlyk goýberendigini görkezýär" diýip aýtdy.

Ýene degişli makalalar

“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
NATO, Ukraina Ýylda 40 Milliard Ýewrolyk Harby Kömegiň Berilmegini Teklip Etdi
Stoltenberg Ýarag Önümçiliginiň Artdyrylmagy Üçin Çagyryş Berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Eýran, Sebitiň Durnuklylygyny Bozýar”
Türkiýe, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
NATO Agza Ýurtlaryň Baş Ştabynyň Başlyklary Brýusselde Jemlenişdi