NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Financial Times tarapyndan geçirilen maslahata onlaýn arkaly gatnaşdy.
NATO tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Financial Timesiň redaktory Roula Khalafa beýannama beren Ýens Stoltenberg, NATO hyzmatdaşlarynyň Ukraina berýän goldawlaryny dowam etdirmekleriniň ähmiýetini nygtap geçdi.
Ýens Stoltenberg, çaknyşygyň gyş aýlarynda has asuda tapgyra girjekdigini pikir edýändigini, emma Russiýanyň çaknyşygy parahatçylykly ýagdaýda bes etmek bilen bagly hiç hili alamat görkezmeýändigini belledi.
Ukrainanyň meýdanda öňe gidişlik edýändigini aýdan Stoltenberg: "Russiýa güýçlerini ýygnamak we ondan soň uly bir hüjüm başlatmak üçin çaknyşygy doňdurmaga synanyşýar" diýip belledi.
Ýens Stoltenberg Russiýa bilen islendik gepleşikleriň wagtyny we düzümini Ukrainanyň karar berjekdigini beýan etdi.
NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg: "Parahatçylykly çözgüdi nähili derejede köp isleýän bolsak, Ukraina harby goldaw bermegimiz hem şolar ýaly gyssaglydyr" diýip nygtady.