Stokgolmda Nobel baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi

Stokgolmda Nobel baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi

2021-nji ýylyň Nobel laureatlaryna baýrak gowşurylmagy mynasybetli dabara anna güni Stokgolmda, 1896-njy ýylyň 10-njy dekabrynda aradan çykan Alfred Nobeli ýatlama güni geçirildi.Alfred Nobeliň wesýeti boýunça, parahatçylyk boýunça Nobel baýragy Oslo şäherinde gowşurylýar, ony şäher edarasynda “demokratiýa we berk parahatçylyk üçin şert bolan söz azatlygyny goramak ugrundaky tagallalary üçin” “Nowaýa gazeta” rus gazetiniň baş redaktory Dmitriý Muratow we filippinli žurnalist Mariýa Ressa aldy.

Bu barada TASS habar berýär.

Şwesiýaly aktrisa Lena Olin tarapyndan alnyp barlan Stokgolmdaky çäre şäher edarasynyň müňlerçe güller bilen bezelen Mawy zalynda geçirildi. Dabara Şwesiýanyň patyşasy Karl XVI Gustaw, şa aýaly Silwiýa, mirasdüşer şagyzy Wiktoriýa, onuň ýanýoldaşy şazada Deniel we 300-e golaý myhman gatnaşdy.

Şu ýyl baýraga jemi 13 adam mynasyp boldy. 2021-nji ýylda fiziologiýa we lukmançylyk ugrunda Nobel baýragynyň eýeleri amerikaly Dewid Julius we Ardem Pataputýan boldy.Fizika boýunça baýrak germaniýaly alym Klaus Hasselmana we amerikaly Sýukuro Manabe, şeýle-de italiýaly teoretik Jorjo Parizä berildi.

Germaniýaly alym Benýamin List we britan-amerikaly gözlegçi Dewid Makmillan himiýa boýunça baýrak alar.Zanzibarly (häzirki Tanzaniýanyň düzümine girýär) ýazyjy Abdulrazak Gurna 2021-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy.

Alfred Nobeliň hatyrasyna Şwesiýanyň Döwlet bankynyň ykdysadyýet boýunça baýragy kanada-amerikaly ykdysadçy Dewid Kard bilen amerikaly gözlegçiler Joşua Angrist we Gwido Imbensiň arasynda paýlandy.

Şu ýyl 13 laureatyň alan nobel medallary 18 karat altyndan taýýarlanylan we onuň agramy 175 gramdyr. 1980-nji ýyla çenli medallaryň agramy 200 grama ýetýärdi we olar 23 karat altyndan ýasalýardy.

Ykdysadyýet boýunça baýragyň eýeleri agramy 185 gram bolan medallary alýarlar.Eger nobel medaly auksiona çykarylsa, onda onuň bahasy diňe bir agramyna däl, eýsem onuň kime degişli bolandygyna-da baglydyr.

Her bir Nobel diplomy owadan bezegler, üýtgeşik reňkli şriftler we ýörite altyn monogrammalar bilen 23 x 25 sm ölçegdäki kiçijik sungat eseridir. Olaryň jilti deriden taýýarlanandyr. Fizika boýunça diplomlar gök, himiýa, fiziologiýa we lukmançylyk boýunça gyzyl, ykdysadyýet boýunça goňur, edebiýat boýunça suratkeşiň saýlan reňkinde bolýar.

Geçen ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem altyn Nobel medallary laureatlara DIM-iň kömegi bilen diplomatik poçta arkaly olaryň ýurtlaryna iberildi.

Ýene degişli makalalar

Nobel wesýetnama gol çekýär
Nobel baýragynyň möçberi artdyrylar
Nobel baýragyny bir million şwed krony möçberinde köpeltdiler
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi
ABBA topary Şwesiýanyň Patyşasyndan rysar ordenini aldy
Nobeliň Himiýa boýunça baýragynyň eýeleri mälim edildi
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy