Stokgolmda iň çuň metrolaryň biri gurulýar

Stokgolmda iň çuň metrolaryň biri gurulýar

Stokgolm şäheriniň metrosynyň gurluşygy ýer derejesinden 105 metr pes bolan nokatda dowam edýär diýip, Kazinform habarlar gullugy habar berdi.

Bu çuňlukda metronyň Dýodermalm adasyndaky Sofiýa duralgasyndaky işlere girişildi. Netijede bu ýerasty ötük dünýäde iň çuň metrolaryň biri bolar.

2030-njy ýylda metronyň gurluşygy tamamlananda, Sofiýa duralgasy gadymy gaýada 100 metr çuňlukda ýerleşer. Galan 5 metr çuňlugy tehnologik giňişlik tutar.

2025-nji ýylda 20 metr göwrümdäki şahtany açmak meýilleşdirilýär, ol ýerde Sofiýa stansiýasynyň sekiz sany tiz hereket edýän liftleri ornaşdyrylar. Her lift sekuntda dört metr tizlik bilen platforma we yzyna 40 ýolagçyny gatnadar. Bir tarapa aralyk 30 sekuntdan sähelçe geçer. Eskalator arkaly şeýle gatnaw 20 esse köp wagty alardy diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Alymlar Tutanhamonyň güýçli söweşiji bolandygyny anykladylar
Tutanhamonyň batyrgaý söweşiji bolandygy anyklandy
Ýaş gimnastikaçylar halkara ýaryşyň öňüsyrasynda Daşkentde türgenleşik geçdiler
Türkmen gimnastikaçylary halkara ýaryşda 11 medal gazandylar
Aleksandra Pahmutowa 95 ýaşady
Ispaniýada şagyzy kasam kabul etdi