Stokgolm metrosynda “Fridhemsplan” bilen “Elwhýo” stansiýalarynyň arasynda alty stansiýaly täze ugur gurmak meýilleşdirilýär. Maglumatlara görä, onuň gurluşygy dokuz ýyl dowam eder.
Stokgolm sebit geňeşi metro ugrunyň Şwesiýada ilkinji sürüjisiz otly boljakdygyny habar berdi. Geňeş agzalary sürüjisiz otlularyň energiýa tygşytlaýandygyna we adaty otlulara garanyňda, tehniki taýdan hyzmat etmegiň zerurlygynyň az boljakdygyny belleýärler. Şeýle-de sürüjisiz otlulary agşam dolandyrmagyň aňsat boljakdygy bellenilýär.
Metro ulanyjylary sürüjisiz otlularyň ideýasyna şübheli garap, adam tarapyndan dolandyrylýan ulagda syýahat etmegiň has ygtybarlydygyny bellediler.