Stiw Jobsuň ýazgysy bolan “Apple-1” auksiona çykarylar

“Apple” kompaniýasynyň öndüren ilkinji kompýuteri bolan “Apple-1” auksion arkaly satuwa çykarylar. Bu kompýuterden häzire çenli 20 sanysynyň saklanyp galandygy bellenilýär. Geçen ýyl peýda bolan “Apple-1” kompýuterleriniň birnäçesi auksion arkaly satylypdy. Entägem işleýän “Apple-1” kompýuterleriniň biri 340 müň dollara, ýene biri 905 müň dollara satylypdy.

1970-nji ýyllaryň ahyrynda Stiw Jobs hem-de Stiw Wozniak tarapyndan bary-ýogy 200 sanysy öndürilen “Apple-1” kompýuterleriň bölekleri el bilen ýygnalypdyr. Şol sebäpli bu enjamlara has ýokary baha berilýär.

Täze auksiona çykaryljak kompýuterde bolsa Stiw Jobsuň eli bilen ýazan “#78” belgisiniň bolmagy onuň gymmatyny artdyrýar.Adatça, elektron enjamlar el bilen birleşdirilende bölekleriň ýüzüne käbir bellikler edilýär.Soňra bolsa, olar öçürilýär.

RR auksion öýi tarapyndan satuwa çykaryljak kompýuteriň sekiz sagat bökdençsiz işländigi mälim edildi. Bu kompýuter 2018-nji ýylda RR auksion öýi tarapyndan ady mälim edilmedik alyja 375 müň dollara satylypdyr. Indi bolsa, gaýtadan satuwa çykaryldy. 16-njy dekabrda tamamlanjak söwdada enjamyň 1 million dollardan gymmada satylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
1976-njy Ýylda Öndürilen Apple Kysymly Kompýuter 400 Müň Dollara Satyldy
Stiw Jobsuň ogly täze şereketi işe girizmekçi
“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabyny mälim etdi
Stiw Jobsuň gyzy kitap ýazdy
“iPhone 3GS” gaýdyp gelýär