Stiw Jobsuň gyzy kitap ýazdy

“Apple” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Stiw Jobsuň 40 ýaşly, uly gyzy Liza Brennan-Jobs kakasy baradaky ýatlamalar kitabyny ýazdy.Ol eserinde kakasynyň nähili ynsan bolandygy barada içgin gürrüň berýär. Şu aýyň içinde neşir edilmegi meýilleşdirilýän bu eserden käbir parçalar “Vanity Fair” neşirinde çap edildi.Stiw Jobs 2011-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda 56 ýaşynda aşgazanasty mäzlerinde ýüze çykarylan howply döremeler zerarly aradan çykdy.

Kitapda meşhur programmaçynyň we onuň gyzynyň ýeňil bolmadyk gatnaşyklary barada içgin gürrüň berilýär.Stiw Jobs we Lizanyň ejesi Kris Brennan Kaliforniýa uniwersitetinde okap ýörkäler durmuş gurýarlar.Olaryň söýgüsinden Liza dünýä inýär. Ýöne Jobsuň öz gyzy bilen aragatnaşygy tä Lizanyň Garward uniwersitetine girýänçä gümürtikligine galýar.

Kitapda Liza kakasynyň ömrüniň soňky günlerinde oňa has ýakyn durmagyň hötdesinden gelendigi barada gyzykly gürrüňler berýär.

Ýene degişli makalalar

Stiw Jobsuň gyzy kitap ýazdy
Stiw Jobsuň ogly täze şereketi işe girizmekçi
20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygy saýlandy
“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabyny mälim etdi
Zenan sanly awataryň kömegi bilen sözledi