Stenstrýom: "Şwesiýa PKK üçin howpsuz gaçybatalga däl" diýdi

Stenstrýom: "Şwesiýa PKK üçin howpsuz gaçybatalga däl" diýdi

Türkiyäniň, Finlýandiýanyň, Şwesiýanyň we NATO agza wekiliýetleriň gatnaşmagynda gazanylan Üçtaraplaýyn memorandumyň çäginde döredilen Hemişelik umumy mehanizmiň 4-nji maslahaty üçin Ankara şäherine gelen Oskar Senstrýom gepleşiklerden soň geçirilen metbugat ýygnagynda soraglara jogap berdi.

Oskar Senstrýom Şwesiýada terrora garşy göreş bilen baglanşykly 1-nji iýunda güýje giren täze jenaýat kanunynda islendik terror guramasyna agza bolmagyň bikanun hökmünde kabul ediljekdigini belläp: "Şwesiýa PKK üçin howpsuz gaçybatalga däl" diýip nygtady.

Bu meselede has täsirli aksiýalar amala aşyrmak üçin hem Şwesiýadaky hem-de Türkiyedäki umumy howpsuzlyk edaralary bilen hyzmatdaşlyk edilýändigini aýdan Oskar Senstrýom, Şwesiýada wagtlaýyn we hemişelik bolmak bilen ýaşaýyş üçin rugsatnama isleýän adamlaryň terror bilen arabaglanşygy bolandygy ýüze çykan halatynda ýüz tutmalaryň ýatyryljakdygyny aýan etdi.

Oskar Senstrýom: "Türkiyäniň terror babatynda uly meseleleri başyndan geçirýändigini bilýäris we Şwesiýanyň hökümeti hökmünde oňa çynlakaý çemeleşýäris" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Polşa sapar gurar
Milli Goranmak ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi
Ali Ýerlikaýa "Gürz-12" operasiýasy barada maglumat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi