Stella Türkmenistanda otaglaryň görnüşine täze öwüşgin çaýmak üçin bezeg tagtalaryny hödürleýär

Stella Türkmenistanda otaglaryň görnüşine täze öwüşgin çaýmak üçin bezeg tagtalaryny hödürleýär

MDF hem-de PWH önümlerini öndürýän Russiýanyň Stella zawodynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory islendik ýeriň dizaýnyna täzeçe öwüşgin çaýmaga ukyply dürli ölçegli we reňkli bezeg tagtalaryny (reýkalaryny) hödürleýär.

Bezeg tagtalary (reýkalary) potoloklary has beýik, diwarlary bolsa has giň görkezýär. Olar islendik otagyň özboluşlylygyny artdyrarlar we myhmanlaryň ünsüni çekerler.

Stella MDF-den ekologiýa taýdan arassa we çagalar üçin howpsuz materialdan owradylan agaç fraksiýasyny peýdalanmak bilen bezeg tagtalaryny (reýkalaryny) öndürýär. Adaty DSP bilen deňeşdirilende, MDF-den taýýarlanan tagtalar örän berkligi bilen tapawutlanýarlar, olar howanyň üýtgemegine çydamlydyrylar, heňe, kömejiklere we beýleki mikroorganizmlere garşy durnuklydyrlar.

Stellanyň MDF-den taýýarlanan tagtalaryny islendik maksat bilen peýdalanyp bilersiňiz. Meselem, olar otagyň içinde belli bir diwary ýa-da potology tapawutlandyryp bilerler, şeýle-de Gün şöhlesine böwet bolmazdan we giňişligi dar görkezmezden otagy böleklere bölüp bilerler.

Bezeg tagtalaryny özbaşdak ýerleşdirmek we bejermek aňsatdyr. Eger gurluşyň islendik bölegine zeper ýetse, ony kynçylyksyz täzesi bilen çalşyp bolýar.

Otaglary bezemek üçin islegiňize görä önümleri Stellanyň Aşgabatdaky, Türkmenbaşydaky, Balkanabatdaky we Hazar şäherindäki resmi distribýutorynyň dükanlaryndan saýlap alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Stella haryt nyşany Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy
Stella kompaniýasynyň Türkmenistandaky paýlaýjysy öýleri MDF konsollary bilen bezemegi teklip edýär
Klassiki saz konsertleri arakesmeden soň Aşgabadyň medeni durmuşyny janlandyrýar
Hizbullah Ysraýylyň Demirgazygyna Hüjüm Gurady
Türkmenistan Russiýadan taýýar agaç önümlerini satyn alýar
Ýewropa ýurtlaryna Koronanyň täze tolkuny bilen ýüzbe-ýüz bolmak barada duýduryş