
INTERFAX.RU habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Frank-Walter Ştaýnmaýer Germaniýanyň prezidentligine ikinji möhlete saýlandy, ses berlişigi Bundestagyň saýty göni ýaýlymda görkezdi.
Saýlawlaryň jemlerini Mejlisiň spikeri Berbel Bas yglan etdi.
Ştaýnmaýer ikinji möhlete dalaşgärlik etmek meýlini 2021-nji ýylyň maýynda mälim edipdi, şonda Sosial-demokratik partiýa ony goldady. Soňra ony saýlawlarda goldamakçydyklaryny ýurduň beýleki esasy partiýalarynyň wekilleri hem yglan etdiler. Netijede Ştaýnmaýer GFR-niň Federal ýygnagynyň iki palatasynyň— bundestagyň we bundestratyň deputatlarynyň köpçüliginiň goldawyny aldy.
Germaniýanyň prezidenti bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar.