RF-yň Stawropol ülkesiniň Blagodarnyý raýonynyň Edelbaý obasynda dana türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi. Çäräni “Stawropol türkmenleriniň milli guramasy” jemgyýetçilik guramasynyň goldamagynda Stawropol ülkesiniň we Astrahan oblastynyň kowçum ýaşaýan türkmenleri guradylar.
Dabara Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Atadurdy Baýramow, Stawropol ülkesiniň milletler we kazaklaryň işi boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Çaplygin, Blagodarnyý şäher okrugynyň dolandyryş edarasynyň baştutanynyň orunbasary Pýotr Meşşerýakow, şeýle hem Ipatow, Türkmen, Arzgir, Neftekum raýonlarynyň dolandyryş edaralarynyň wekilleri, türkmen medeniýetini saklap galmak we ösdürmek boýunça Astrahan sebit guramasynyň geňeşiniň başlygy Fauziýa Kadyrowa dagy gatnaşdylar. Çärä gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Dabara Magtymgulynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak bilen açyldy. Soňra çykyş edenler beýik Pyragynyň goşgularyny okamakda ussatlyklaryny görkezdiler, şeýle hem baýramçylyk konserti boldy. Mundan başga-da, at çapyşyklary we futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Sahawatly türkmen saçagynda milli tagamlar goýuldy. Goşgy okamakda ussatlygyny görkezenler we iň gowy folklor toparlary ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.