Starbucks 2025-nji ýyla çenli Hytaýda 3000 sany täze kofehana açar

Starbucks 2025-nji ýyla çenli Hytaýda 3000 sany täze kofehana açar

Amerikanyň Starbucks Corp. kofehanalar tory 2025-nji ýyla çenli Hytaýda 3 müň sany täze kofehana açmagy we şol döwür içinde ýurtda söwdasyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär diýip, Sietlde geçen "Maýadaryň gününde" kompaniýanyň top-menejerleri habar berdi.

Şonda ýene üç ýyldan Starbucks-yň Hytaýdaky torunda 9 müň kofehana bolar.Owal kompaniýa 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýurtdaky kofehanalaryň sanynyň 6 müňe ýetjekdigini habar beripdi diýip, The Wall Street Journal belleýär. Ýylyň başynyň kompaniýa üçin gaty çylşyrymly başlanandygyna garamazdan, optimistik meýilnama beýan edilipdi.

Starbucks-yň Hytaýda ýylyň 3-nji iýulda tamamlanýan maliýe çärýeginiň içinde deňeşdirilýän satuwlar ýyllyk aňlatmada 44% pese gaçdy, emma şol döwür içinde umumy dünýä görkezijisi welin, 3% ösüpdi. Şondan öňki çärýekde koronawirus pandemiýasyny saklamak bilen bagly berk çäreler sebäpli hytaý kofehanalaryndaky söwda 23% peselipdi.

Emma Starbucks-yň ýolbaşçylygy pese gaçyşlyk wagtlaýyn zat, hytaý bazarynyň potensialy bolsa juda ýokary bolmagynda galýar diýip hasaplaýar.Kompaniýa 2021-nji maliýe ýylynda ähli düşewündiniň 13%-ni Hytaýda gazandy.

Onuň sözlerine görä, häzir Hytaýyň ilaty bir ýylda ortaça 10-12 çaşka kofe içýär, ABŞ-da tersine - 380. 2014-nji ýylda bolsa Hytaýda kofeniň sarp edilişi bir ýylda üç çaşka-da ýetenokdy. 2022-nji ýylyň başyndan bäri Starbucks-yň kapitalizasiýasy 25% diýen ýaly pese gaçdy we häzir 102,2 mlrd töweregidir.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen üç alym sylaglandy
Uçarlary elektrik energiýasy bilen işlär
Futbol täzelikleri