Standart Hyzmat türkmen maslahat beriş (konsalting) kompaniýasy müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak, şeýle hem halkara ülňüleriniň talaplaryny girizmäge toplumlaýyn çemeleşmek üçin telekeçilere, işewürlere we kärhanalaryň ýolbaşçylaryna marketing gözleglerini guramak we işgärleri dolandyrmak (HR) boýunça hyzmatlary hödürleýär.
Kompaniýalar üçin marketing gözlegleriniň çäklerinde içerki we daşarky bazarlardaky meýilleri seljermek, bäsdeşlik gurşawyny, eksport we import mümkinçiliklerini öwrenmek işleri amala aşyrylýar.Standart Hyzmat kompaniýasynyň hünärmenleri eksport ugurly önümleriň potensial bazaryna, mümkin bolan daşary ýurtly alyjylara göni çykmak, içerki bazaryň ösüş meýilleri, bahalar, sarp edijiniň ol ýa-da beýleki önüme bolan islegi, bäsdeş teklipler, şeýle hem kärhanalaryň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly maglumat ýygnaýarlar.
Marketing gözlegleriniň netijesinde alnan maglumatlar kompaniýalara daşary ýurtlara önümleriň eksportyny üstünlikli we oýlanyşykly guramaga, içerki bazarda telekeçiligiň dogry we netijeli iş taktikasyny saýlamaga, şeýle hem bolup biljek töwekgelçilikleri göz öňünde tutmaga we täsirini peseltmäge kömek eder.
Şeýle-de Standart Hyzmat işgärleri dolandyrmak (HR hyzmatlary) ulgamynda hem maslahat hyzmatlaryny hödürleýär.
Golaýda Ýüpekçi HJ-de Söwda işi pudagynda tälim-maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça HR taslamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Taslama tälimlerde zerurlyklary anyklamakdan we okuw ulgamynyň ugruny kesgitlemekden ybarat boldy.
Tälime gatnaşyjylar ýumşak endikler (soft skills), täsirli satuwlar, marketing, maliýe sowatlylygy boýunça täze endikleri öwrendiler.
Ýüpekçi tarapyndan geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirme seljermesi geçirilende kompaniýanyň önümleriniň satuwynyň artandygyny görkezdi, bu bolsa Standart Hyzmatyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen tälimleriň ýokary netijeliligini tassyklaýar.
Standart Hyzmat kompaniýasynyň artykmaçlyklarynyň hatarynda öz ugrundaky uly iş tejribesini we şonuň bilen baglanyşykda, hödürlenýän hyzmatlarynyň ýokary hilini, taslamanyň ähli döwürleri üçin kesgitlenen hyzmatlaryň tölegini, anyk we düşnükli dilde beýan edilen täjirçilik teklibini, şeýle hem her meselä aýratyn çemeleşýändigini bellemek bolar.
Standart Hyzmat kompaniýasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Bagtyýarlyk etraby, Bagtyýarlyk-9 köçesi, 1-nji gat. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 64) 19 86 68, (+993 65) 71 81 86. Elektron poçta: info@standarthyzmat.com
Şeýle-de okaň: