Stambulyň polisiýasy resmi ýazgysy ýaşaýan ýerine laýyk gelmeýän migrantlary Şişli etrabynda ele salmaga başlady diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” jurnalistleri habar berýärler.
Owalky maglumatlara görä, 10-njy oktiýabrdan Türkiýäniň IIM-niň migrasiýa boýunça müdirýeti bikanun migrantlara we HÝM-i gutaranlara garşy göreşini güýçlendirdi.
Stambulyň polisiýa merkezlerine ýollanylan buýruga laýyklykda, (onuň nusgasy “Türkmenistanyň Hronikasynda” bar) polisiýanyň we jandarmanyň ýörite toparlary çet ýurtlylaryň ýaşaýan ýerlerine reýd geçirip, barlaýarlar.
Eger raýatlaryň resminamalary kadaly bolsa, emma resminamalardaky salgysynda ýaşamasa, onda olara garşy adminstrasiýa we kazyýet çäreleri görüler.
Stambuldaky barlaglarda Türkmenistanyň raýatlarynyň tutulandygy entek belli däl.Emma, iki türkmenistanly Muglada tutuldy.
Şonuň ýalyda, jenaýat eden şol sanda, adam öldüren türkmenistanlylar hem tutuldy.
Bu baradaky maglumatlary “Türkmenistanyň Hronikasynyň” türkmençe sahypasyndan okap bilersiňiz. The post Stambulyň polisiýasy resmi ýazgysynda ýaşamaýan migrantlary ele salmaga başlady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.