23-nji dekabrda Stambulyň Bakyrköý etrabynyň kazyýetinde bäş sany aktiwist barada diňlenşik boldy.Olar 2020-nji ýylyň iýulynda türkmen konsulhanasy tarapyndan jemgyýetçilik tertip-düzgüni bozanlykda we diplomatlara zorluk howpyny abandyranlykda aýyplanypdylar.
Bu barada adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy (THF )сообщает habar berýär.
Kazyýet aktiwistler Merjen Agaýewanyň, Hemragül Goçyýewanyň, Parahat Myradowyň, Dürsoltan Taganowanyň Дурсолтан Таганову hem Hanum Rasulowanyň hereketlerinde jenaýat tapmady we olary aklady.
Bular geçen ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň raýatlary türkmen konsulhanasynyň öňünde protest geçirmekçi bolanlarynda türk polisiýasy tarapyndan tutulypdylar.
Protest entek başlamanka, oňa gatnaşyjylary ýygnamaga başladylar. Görnüşi ýaly, türkmen diplomatlary türk polisiýasyna şikaýat eden bolmaly.
“Bu iş boýunça seljermeler 17 aý dowam etdi, 8 sany kazyýet diňlenşigi boldy.Aýyplanýanlaryň käbiri ( pasportynyň möhleti gutarandygy üçin) tutulmagyndan howatyrlanyp diňlenşiklere gatnaşmadylar.
Bu işiň materiallarynda aklawjy Mustafa Ýaman konsulhananyň resmi taýdan gol goýan şikaýatlaryny ýada arzalaryny tapmady.Diňe wakanyň bolan ýerinde polisiýanyň düzen resminamasy bar” diýip THF ýazýar.The post Stambulyň kazyýeti protestlere gatnaşan bäş sany aktiwisti aklady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.