Stambulyň aeroportundaky kassalarda Türkmenistana barýan uçarlara biletleriň tas hemmesi ýylyň ahyryna çenli satylyp gutarypdyr. Azatlygyň Türkiýedäki habarçysynyň we çeşmeleriniň habar bermegine görä, bilet satýan işgärler ýanwar aýynda ýüz tutmagy maslahat berýärler. Uçar biletleriniň ýetmezçiligi adaty uçar gatnawy ýola goýlyp, türkmen raýatlarynyň Türkiýeden köpçülikleýin gaýdýan döwrüne gabat geldi.
11-nji noýabrda Stambulyň halkara aeroportunda "Türkmenistan" howa ýollarynyň kassasynda Azatlygyň çeşmesine aýdylyşyna görä, ykdysadyýet synpy biletiň bahasy 405 dollara durýar, ýöne biletler ýylyň ahyryna çenli satylyp gutarypdyr. Bahasy 755 dollarlyk biznes synp biletleri dekabr aýyna bar.
Bu aralykda, hökümetçi "Türkmenportal" onlaýn neşiri noýabr aýy üçin ykdysadyýet synpy biletleriniň "Türk howaýollarynyň" kassasynda hem ýokdugyny habar berdi. Neşir Stambuldan Türkmenbaşy şäherine gitmek üçin biletleriň 2-nji dekabra bardygyny we onuň bahasynyň 10 425 türk lirasyna barabardygyny habar berýär.
Häzirki wagtda Türkiýeden Türkmenistana uçarlar hepdede alty gezek uçýar. 2,5 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden uzak arakesmeden soň türkmen we türk howa gatnawçylary Stambuldan Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine uçuşlary amala aşyrýarlar.
Uçar biletleriniň ýoklugyna garamazdan, türkmen raýatlary uçarda birden boş ýeriň döremegini umyt edip, Türkmenistana ugraýan her reýsiň öňýany Stambulyň aeroportuna ýygnanýarlar.
Soňky hepdelerde uçar biletlerine bolan islegler hasam güýçlendi. Bu, belli bir derejede, Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň watanyna dolanmak zerurlygynyň artmagy bilen baglanyşykly. Sentýabr aýynda Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi.
Mundan başga-da, migrasiýa şertlerini bozan Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýeden öz watanyna gidende deportasiýa belgisinden gutulmak mümkinçiligi döredi.
Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky habarçysy Ahmet Rahmanow bu ýagdaýy öwrendi we gidýänler bilen aragatnaşyk saklady. Onuň sözlerine görä, 10-njy noýabrdan öň Türkmenistana giden türkmen raýatlary serhetden geçende olaryň pasportlaryna deportasiýa belgisi goýulmandyr we şeýlelikde olar ýakyn wagtda Türkiýä gaýtadan girmek mümkinçiligine eýe bolupdyr. Soňky günlerde Türkiýeden Türkmenistana baranlaryň ençemesi bu maglumaty tassykladylar.
"Adamlar gidip barýarka türk tarapy olaryň pasportlaryna hiç hili bellik goýulmady. Munuň şerti wiza düzgünini bozandygy üçin ähli jerimeler tölenmelidi. Jerime tölemediklere Türkiýä käbirlere 3 aýlyk, käbirlerine 6 aýlyk girmek gadagan edildi. Kanuny bozan adamlara 5 ýyllap Türkiýä barmak gadagan edildi "- diýip, Ahmet Rahmanow gürrüň berdi.
Türkmenistan Türkiýe bilen arasyndaky yzygiderli uçar gatnawyny 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda dikeltdi.
"Türkmenistan" howa ýollary Aşgabat-Stambul göni yzygiderli uçar gatnawlaryny 5-nji oktýabrda dikeltdi. Uçuşlar hepdede dört gezek, duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylýar.
2-nji noýabrda "Türk howaýollary" Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryny ýola goýdy. Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçarlar hepdede iki gezek çarşenbe we penşenbe günleri gatnaýar.
Türkmenistan, koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkiýe bilen uçar gatnawyny togtadypdy. Emma Türkmenistanyň hökümeti ýurtda COVID-19 bolandygyny hiç wagt ykrar etmedi.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.