1-nji awgustda türkmen aktiwistleri Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde protest aksiýasyny geçirmäge synanyşdylar.
Ony gurnanlaryň owalyndan bu protestiň geçiriljekdigi barada häkimiýetleri habardar edendiklerine garamazdan, konsulhananyň işgärleriniň çagyran polisiýasy protest geçirmäge ýol bermediler. Çünki, protestçileriň Stambulyň häkimliginden protest aksiýa rugsady ýokdy.
Türkmen Helsinki Fondunyň maglumatlaryna göra, hukuk goraýjylar 10 sany türkmen raýatyny tussag etdiler.
Olar Jumasapar Dädebaýew (35), Nurmuhammet Annaýew(40), Serdar Hojanepes (46), Enejan Salyhowa(49),Kamila Abulowa (35), Halnazar Gaýypow(29), Gadam Täçnazarow(37), Gowşut Orazkuliýew (30), Nargiza Mätýusupowa (39), Döwran Annaýew(36).
Olaryň ählisini Stambuldaky deportasiýa merkezine alyp gidipdirler.
Käbir maglumatlara görä, 2-nji awgustda Enejan Salyhowany öýüne goýberipdirler.
Owalky maglumatlaryma görä,bir blogçyny ilçihana işgärleri zor bilen binanyň içine salypdyrlar.
Şol blogger Farhad Durdyýew. Farhadyň sözlerine görä, ony ilçihananyň işgärleri dälde, hakyna tutulan agressiw, häkimiýetleri goldaýan we prowokasiýa döretmek üçin aktiwistleriň arasyna baran-tituşkalar tutupdyrlar.
Olaryň birisi 34 BNZ 674 sanly Ford Tranzit awtoulagly we onuň suratyny proteste gelen migrant alypdyr.
Şol wideo ýazga şu çelgiden tomaşa edip bolýar.
Konsulhana ýetip barýan Farhad Durdyýewe ýaş şahslar özleriniň hem proteste barýandyklaryny we ulagynda alyp gidip biljekdigini aýdypdyrlar.
Awtoulag konsulhananyň howlusyna girenden soňra blogçyny zor bilen binanyň içine salypdyrlar we Merdan hem başgada iki kişä tabşyryp, ne “näme edesiňiz gelse,ediberiň” diýipdirler.
“Sekiz adam meni bir otaga salyp, kamerany öçürdiler we huşumdan gidýänçäm, gazaply ýençdiler.Men özüme gelenimde, türk polisiýasyny gördüm we ol türkmenlere paýyş sözleri aýdyp,bu sizi kazyýete berer diýdi.
Meniň jübimden telefonymy we 300 dollarymy aldylar.Telefon üçin üçünji gün gelmegimi aýdyp,hiç kime duýdurmazlygymy tabşyrdylar. Şeýlede olar öňüňden çykan aktiwistlere we oppozisiya agzalaryna käýemegimi soradylar” diýip Farhad Durdyýew aýdýar.
“Häzir men we başga birnäçe aktiwist keselhana geldik. Lukmanlar gazaply urlandygymyzy aýtdylar we tomografiýa etdiler.Meniň gapyrgamyň döwlüp döwülmändigini 3 sagat soň aýtjaklar.Häzir meniň gursagymyň çep tarapy agyrýar” diýip gazaply ýenjilen blogçy aýdýar.
Bu protesti gurnaýjylaryň biri, DWT oppozisiýa hereketiniň lideri Myrat Gurbanowyň aýtmagyna görä, hakyna tutulan-tituşkalar aktiwistlerden başgada, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylaryny gözläpdirler.
“TH-niň” žurnalistleriniň sorag geçiren şaýatlary hem bu maglumaty tassykladylar.The post Stambuldaky şowsuz protestden soňra 10 sany türkmen raýatyny tutdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.