Stambulda ýol-ulag gatnavynyň gurluşygy üçin başlan gazuv işlerinde şäheriň 8500 ýyllyk geçmişine degişli galyndylaryň tapylandygyny bilýäňizmi?
Geografik ýerleşişi sebäpli gadymy dövürlerden bäri esasy şäherlerden biri bolan Stambul, Rim imperiýasynyň paýtagty diýip yglan edilenden soň ähmiýetini hasam artdyrýar. Vizantiýa ve Osman imperiýalaryna hem paýtagtlyk eden şäher “Üç imperiýanyň paýtagty” diýip tanalýar. Şol üç beýik svilizasiýanyň medeniýeti bilen ýugrulan Stambulyň asyrlar boýy eýe bolan baý mirasy 2004-2013-nji ýyllaryň aralygynda geçirilen gazuv-agtaryş işlerinde ýüze çykaryldy.
Bosfor bogazynyň aşagyndan guruljak tunel üçin 2004-nji ýylda başlan gurluşyk işleriniň dovamynda, şäheriň Ýevropa bölegindäki Ýenikapy etrapçasynda arheologik galyndylar tapyldy. Şondan soň gurluşyk işlerine arakesme berilip, uly arheologlar topary bilen gazuv-agtaryş işlerine başlanýar ve Stambulyň gadymy geçmişini şöhlelendirjek möhüm arheologik ve taryhy maglumatlar tapyldy.
Gazuv-agtaryş işleriniň iň aşakky gatlagynda biziň dövrümizden 8000-8200 ýyl ozala degişli neolitik ýaşaýyş ýeri tapyldy.Ol ýer Stambulyň iň gadymy ýaşaýyş ýeri bolupdyr.Vizantiýa imperiýasynyň paýtagty Konstantinopolisiň iň esasy portlaryndan biri Teodosius portunyň galyndylary hem şol gazuv-agtaryş işlerinde tapylýar.
37 gäminiň galyndysyny ýüze çykaran arheologlar, bu açyşy asyryň iň uly arheologik gazuv-agtaryş işlerinden biri hökmünde hasap edýärler.