Stambulda Türkmen aktiwistlerine täze hüjüm edildi

Stambulda Türkmen aktiwistlerine täze hüjüm edildi

Adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondynyň” we ynsan hukuklary barada “Memorial” merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, 11-nji oktiýabrda agşam sagat 8 töweregi Stambulyň “Sogutluçeşme” köçesinde ýerleşýän “Oguzhan” medeni, hyzmatdaşlyk we bilim jemgyýetiniň ýerleşýän jaýyndan çykan türkmenlere näbelli kişiler hüjüm etdiler.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondynyň maglumatlaryna görä, wakada iki aktiwiste we jemgyýete baran myhmana hüjüm edildi.

Raýat aktiwisti Aziz Mämmedowyň ýüzüne güýçli uruldy we onuň burny döwüldi. Jemgyýetiň başlygy Nurmuhamemt Annaýewiň çep eline zeper ýetdi we onuň içinde telefon, resminamalar bolan sumkasyny alyp gitdiler. Ady anyklanmaýan üçünji pidanyň kellesine agyr zat bilen urdylar.

Bu jenaýat polisiýada resmi hasaba alyndy. Pidalara zerur bolan saglyk kömegi berildi diýip adam hukuklary guramalary habar berýärler.

Aktiwistleriň tassyklamagyna görä, hüjümçileriň birisi 1-nji awgust güni Stambulda türkmen demonstrantlaryna hüjüm edenlere meňzeýär. “Bu gezek onuň elinde demir zat bardy” diýip aktiwistler belleýärler.

Olar bu hüjümi Nurmuhammet Annaýewiň 14-15-nji oktiýabrda ÝHHG-niň Warşawada geçýän ýygnagyna gatnaşmagy göz öňünde tutýandygy bilen baglaýarlar. Ol türkmen režimini tankytlap çykyş etmegi meýilleşdirýär.

Mundan öň türkmen häkimiýetleriniň Türkiýedäki we merkezi Ýewropadaky türkmen dissidentlerine hem aktiwistlerine garşy çäre görmek üçin jenaýatçy toparlary ulanmaga synanyşandyklary barada maglumat gowşupdy diýip adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondy” we “Memorial” merkezi habar berýärler.

The post Stambulda Türkmen aktiwistlerine täze hüjüm edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Russiýa Türkmenistanda yzarlanýan bosgun Aşyrbaý Bekiýewi deportasiýa etdi
Çeşme: daşary ýurda barýan her uçardan onlarça adam düşürilýär
THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy
Diňle: THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy
Hukuk goraýjylar ÝHHG-niň baş sekretaryny Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden saklanmaga çagyrýar
Balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew “wezipeli şahsyň mertebesini kemsitmekde” aýyplandy. Oňa pul jerimesi salyndy