Stambulda jemgyýetçilik guramalary türkmen migrantlarynyň meselelerini çözmäge çagyrdy

Stambulda jemgyýetçilik guramalary türkmen migrantlarynyň meselelerini çözmäge çagyrdy

Adam hukuklaryny goraýan türkmen we türk aktiwistleri, türkmenleriň başyna düşen krizisiň bosgunlaryň we migrantlaryň başdan geçirýän gumanitar krizislerinden iň pajygaly biridigini aýdýarlar. Bu barada adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň wekilleri 20-nji iýunda Bütindünýä bosgunlar gününde Stambulda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdylar.

Döwlete degişli däl guramalaryň wekilleri türkmenistanly bosgunlaryň meselelerini çözmäge çagyrýar.

"Türkmenistanyň halkynyň başdan geçirýän krizisi bosgunlaryň we migrantlaryň iň dramatik gumanitar krizisleriniň biridir" - diýip, birnäçe türk we türkmen guramasynyň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar. Bu guramalaryň hataryna aklawçylary, žurnalistleri, neşirýatçylary we telekeçileri birleşdirýän "Mazlum-der", adam hukuklary boýunça "Ozgur-der", "Halkara bosgun hukuklary birleşigi", "Hak hukuk daýanç" atly adam hukuklaryny goraýjy birleşigi we "Türkmen Helsinki fondy" girýär.

"Özgür-Der atly pikir azatlygy we bilim hukugy assosiasiýasynyň başlygy Ridwan Kaýa metbugat-konferensiýasynda eden çykyşynda Bütindünýä bosgunlar gününiň döredilmeginiň maksady bilen bagly meseleleriň ähmiýetiniň hasam artandygyny belledi.

"Bu sene, doglan ýerinde ýaşap bilmeýän ejiz we ezilen adamlara düşünmek we olaryň aladalaryny bildirmek üçin döredildi. Muňa zerurlyk has-da ýitileşdi" - diýip Kaýa aýtdy.

Hukuk goraýjy türk aktiwisti, Türkmenistanyň raýatlarynyň meseleleriniň öz ýurdunda-da, dünýäde-de has köp ünsi talap edýändigini aýtdy: "Soňky ýyllarda bu meselede käbir tagallalary etdik, emma meseleler dowam edýär".

Türkmenler Türkiýedäki daşary ýurtlularyň arasynda san taýdan üçünji orunda durýar. Resmi maglumatlara görä, ýurtda 213 000 türkmen raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, hakyky sanlar birnäçe esse ýokary bolup biler. Türkmenleriň köpüsi Türkiýede bikanun galýar.

Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň esasy problemalary bu ýurtda bolmagyny kanunlaşdyrmakdaky kynçylyklar bilen baglanyşykly. Türkmenistanyň raýatlary Türkiýede bolýan wagtynda türkmen ilçihanasyndan köplenç zerur dokumentleri alyp bilmeýärler. Türkmenistana syýahat etmek üçin ep-esli çykdajy gerek bolýar. Türkmenistandaky agyr işsizlik şertlerinde, türkmen migrantlarynyň aglaba köplügi Türkiýede ujypsyz girdeji üçin agyr işlerde işleýär we maşgalalary üçin ýeke-täk girdeji çeşmesi bolýar.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkiýäniň türkmenler üçin wiza talabyny girizmegi türkmen raýatlarynyň ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrdy. Şondan soň türkmen raýatlarynyň ýurtda kanun esasynda galmagy üçin zerur rugsat almak düzgünleri hasam agyrlaşdy.

Metbugat ýygnagynda adam hukuklaryny goraýan "Hak Hukuk Daýanç" guramasynyň başlygy Dürsoltan Taganowa tutuş maşgalalaryň migrasiýa krizisiniň pidasy bolýandygyny, çagalaryň hem hukuklaryndan mahrum edilýändigini aýtdy.

"Esasy problemamyz, Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlarynyň täzelenmezligi. Şol sebäpli müňlerçe adam lukmançylyk kömegini alyp bilmeýär. Keselhanalara baryp bilmeýär. Çagalar bilim alyp bilmeýärler. Köp adam bikanun işlemäge mejbur edilýär. Häzirki wagtda 4 320 çaga bilim almak hukugyndan mahrum edildi. Biziň Türkiýe hökümetine haýyşymyz - türkmen halkynyň sesini eşidiň. Türkmenistandan gelen bosgunlar sesleriniň eşidilmegini isleýärler"-diýip Taganowa aýtdy.

Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki ýüzlenmesinde 2020-nji ýylda başlanan pandemiýanyň türkmen raýatlarynyň Türkiýedäki kynçylyklaryny hasam güýçlendirendigini bellediler. Hasabatda "Bu döwürde, isleseler-de, ýurduna gaýdyp bilmedikler, pasportlarynyň möhletiniň gutarmagy bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli Türkiýede ýaşap bilenoklar ýa-da tussag bolmak we deportasiýa edilmek howpy astynda ýaşaýarlar" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjylar, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky raýatlaryň problemalaryna üns bermeýändigini bellediler. THF ozal Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde uzak wagtlap saklanýan türkmen raýatlarynyň elhenç ýagdaýy barada birnäçe gezek habar beripdi we olaryň ykbalyna ünsi çekipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa Bileleşigi Ukraina goldaw bermäge dowam eder
TİKA Azerbaýjanda Ýene-de Bir Taslamany Iş Ýüzüne Geçirdi
Türkiýe Gruziýa Goldawyny Dowam Etdirýär
Estoniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kiberhowpsuzlyk boýunça mejlisini geçirer
Türkiýe, Ýewropa Göreş Çempionadyny 8 Medal Bilen Tamamlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny