Stambulda “Gorkut Ata” Türk dünýäsi kinofestiwaly dowam edýär

Stambulda “Gorkut Ata” Türk dünýäsi kinofestiwaly dowam edýär

8-njy noýabrda Türkiýäniň medeniýet we syýahat ministrliginiň ilkinji gezek gurnan “Beýogly Mediniýet Ýoly Festwialynyň” çäginde “Gorkut Ata Türk Dünýäsi Film Festiwaly” başlady.

Bu ýyl ilkinji gezek Stambulda gurnalýan bu festiwala 13 ýurtdan 42 kino we 100-den gowrak kinoçylar, aktiýorlar we medeniýet wekilleri gatnaşýar.

Kinofestiwala Türkiýeden başga-da, Azerbeýjan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Wengriýa, Tatarystan, Demirgazyk Kipr, Eýran we Ukraýina hem gatnaşýar.

Bu kino bäsleşiginde çeper hem dokumental kinolardan başgada, “Taryhy panorama”, “Häzirki zaman ynsan peýzažlary”, “Türkuaz dokumental film nesli”, “Çingiz Aýtmatowyň kino uýgunlaşmalary” we “Animasiýa” filmleri Stambulyň dürli kino zallarynda hem Stambul uniwersitetinde tomaşaçylara mugtuna hödürlenýär.

“Gorkut Ata Türk Dünýäsi Film Festiwalynda” Türkmenistanyň “Oguzhan”adyndaky “ Türkmenfilm” birleşiginiň “ Nejep oglan” kinosy görkezilýär.

Awtory näbelli “Nejep oglan” dessany esasynda döredilen filmiň režisýorlary Wepa we Eziz Işangulyýewler, kinooperatory Nurmuhammet Borjakow. Filmde bagşylar sungatynyň dowam edişi, halk arasyna ýaýradylyşy, onuň jadylaýjy ýollary barada gürrüň edilip, oňa halk köpçüliginiň we agalyk ediji toparlaryň garaýyşy çeperçilik bilen beýan edilýär.

Kinoda Nejep oglanyň rolyny Mekan Amanow we Söhbet Annamyradow, Sonanyň rolyny bolsa, Baýramtäç Hojamämmedowa dagy oýnaýarlar.

Şeýlede filmde ussat aktrisa, “Türkmenistanyň at gazanan artisti we Türkmenistanyň halk artisti” Orazgül Abbasowa Gulman mamanyň rolyny oýnaýar.

Festiwalda Özbegistanyň “Reňksiz düýşler”, “Halkyň gaýraty”, “Hyjuw” filmleri görkezilýär.

“Reňksiz düýşler” filminiň baş gahrymany Kaşmira kakasy tarapyndan birine satylýar we ol 1 ýyldan soňra, ýanýoldaşy tarapyndan Arap ýurdunda zor bilen ten söwdasyny etdirýänlere satylýar.

Kaşmira bu aýylganç ýagdaýdan gutulmagyň mümkin däldigine göz ýetirip, öňki ýanýoldaşyny pyçaklap öldürýär we 25 ýyl türmä basylýar. Emma,ol 17 ýyl otyryp, günä geçişe düşenden soňra, Özbegistana dolanýar.

Ýöne, onuň başyndan geçiren külpetlerinden habarsyz doganlary Kaşmiradan ýüz öwürip, onyň ene-atasynyň ýanyndan gitmegini isleýärler. Ahyrynda onuň inisi wakany öwrenip, aýal doganynyň öýünden uzaklarda işleýän we ýaşaýan ýerine gidýär. Kaşmira başdan geçirenlerini inisine jikme-jik gürrüň berýär.

Kinofestiwalda Türkiýäniň “Gorkut Ata we Ýewropadaky asyl nusgalaryna syýahat”,“Garynja”,“Delfiniň yzynda”, Gazagystanyň “Gazak Hanlygy: Altyn Tant”, “Tomris”, “Gazanda titreýän ot”, “Waha”, animasiýa “Kültegen” filmleri, Azerbaýjanyň “Soňky sessiýa”, “Ýiten ýatlamalar”, “Dargap giden ölümleriň arasynda”, Gyrgyzystanyň “Ýusup Awdyrahmanow”, “Boranly stansiýasy”, “Ir gelen dirnalar”, Tatarystanyň “Molla” kinolary hem ýaryşýarlar.

Festiwaluň eminleriniň arasynda Türkiýeli, Azerbaýjanly, Gazagystanly, Gyrgyzystanly, Özbegistanly, Eýranly we Moldowaly kinoçylar, sungat wekilleri bar.

Emma,Türkmenistanly wekil ýok.

Kinofestiwalyň ahyrky güni 12-nji noýabrda ýakynda Stambulyň Taksim meýdançasynyň ýakynynda açylan Ata Türk medeni merkezinde ýeňijilere baýrak gowşurylyş dabarasy bolar.

Ýeri gelende bellesek,12-nji noýabrda Stambulda Türki dilli döwletleriň liderleriniň 8-nji sammiti açylýar.

Oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna garaşylýar.

The post Stambulda “Gorkut Ata” Türk dünýäsi kinofestiwaly dowam edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda tejribeli kino işgärleri bilen ussatlyk sapagy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Stambulda “Gorkut Ata Türk Dünýäsi Film Festiwalynyň” ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy
Nejep oglan türkmen filmi Stambulda geçirilýän festiwala gatnaşýar
Kinoteatrlarda 2429-njy oktýabrda görkezilmegi meýilleşdirilýän filmler we multfilmler
GAZ ENJAMLARYNDA ÝANGYN HOWPSUZLYK ÇÄRELERI