Stambulda “Gorkut Ata Türk Dünýäsi Film Festiwalynyň” ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy

Stambulda “Gorkut Ata Türk Dünýäsi Film Festiwalynyň” ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owal beren maglumatlaryna görä, 8-12-nji noýabrda Türkiýäniň medeniýet we syýahat ministrliginiň ilkinji gezek gurnan “Beýogly Mediniýet Ýoly Festwialynyň” çäginde “Gorkut Ata Türk Dünýäsi Film Festiwaly” Stambulda geçdi.

Kinofestiwalyň ahyrky güni 12-nji noýabrda Ata Türk medeni merkezinde ýeňijilere baýraklar gowşuryldy.

Şu ýyl ilkinji gezek Stambulda gurnalan festiwal döwründe 13 ýurtdan getirilen 42 kino tomaşaçylara mugtuna görkezildi.

Olar 7 kategoriýa boýunça bäsleşdiler diýip türk KHS-i maglumat berdi.

Bu dabaranyň açylyşynda Türkiýäniň medeniýet we syýahat ministri Mehmet Nur Ersoý çykyş edip, Türki döwletleriň kino sungatynyň geçmisi we şu güni barada gürrüň etdi.

Ol dünýä belli Türk kinoçylarynyň şol sanda, Hojaguly Narlyýewiň, Şöhrat Abbasowyň, Bulat Mansurowyň we beýleki ussatlaryň döreden “Şükür bagşy”,“Gelin”, “Çagalygymyň gök ýüzi”, “Atamdan ýadygär topraklar” we beýleki eserleriň atlaryny buýsanç bilen ýatlady.

Dabarada “Türk dünýäsine goşandy” baýragy Azerbaýjanyň Baku media merkezine, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň kino studiýolaryna, Özbegistanyň film gullugyna, Türkiýäniň TRT teleradiýo ýaýlymyna berildi.

Şu ýylky festiwalda:

–“Wepalylyk” baýragy türk dünýäsiniň umumy gymmatlyklarynyň biri bolan dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň adyna ogly Eldara we gyzy Şirine gowşuryldy.

–Dokumental film baýragynyň birinjisi Eýranyň “Ekizler”, ikinjisi Özbegistanyň “Halkyň gaýraty”,üçünjisi Rusýanyň “Dil bilimi” kinolaryna,

–Çeper film bäsleşiginde 4 kategoriýa boýunça baýrak berildi.

Iň gowy kino baýragy Azerbaýjanyň “ Dagynyk ölümler arasynda” filmine, Iň gowy režisýor baýragy Gyrgyzystanyň “Şambala” kinosynyň režisýory we senaristi Artykbaý Suýundukowa, Iň gowy senariýa baýragy Türkiýäniň “Mewzer”, ýörite baýrak Özbegistanyň “Höwes” filmlerine berildi.

Dabarada Türk dünýäsi tansçylarynyň çykyşlary bilen birlikde Arslanbek Soltanbekow, Döwlet opera we balet teýatrynyň baş müdiri Myrat Garahan gysga konsert berdiler.

“Gorkut Ata Türk Dünýäsi Film Festiwalynda” Türkmenistanyň “Oguzhan” adyndaky “ Türkmenfilm” birleşiginiň “ Nejep oglan” kinosy görkezildi.

Awtory näbelli “Nejep oglan” dessany esasynda döredilen filmiň režisýorlary Wepa we Eziz Işangulyýewler,operatory Nurmuhammet Borjakow.

Kinoda ussat aktrisa, “Türkmenistanyň at gazanan artisti we “Türkmenistanyň halk artisti” Orazgül Abbasowa Gulman mamanyň rolyny oýnaýar.

Emma, “Nejep oglan” haýsyda bir baýraga mynasyp bolmady.

Şeýlede kinofestiwalyň eminleriniň arasynda Azerbaýjanly, Gazagystanly, Gyrgyzystanly, Özbegistanly, Eýranly agzalar bolsada, Türkmenistandan hiç bir wekil ýokdy.

Türk dünýäsi film festiwaly 2022-nji ýylda Türkiýäniň Bursa şäherinde, 2023-nji ýylda Daglyk-Garabagyň Şuşa şäherinde, 2024-nji ýylda Gazagystanda, 2025-nji ýylda Gyrgyzystanda geçiriler diýip Türk ministri Mehmet Nury Ersoý yglan etdi.The post Stambulda “Gorkut Ata Türk Dünýäsi Film Festiwalynyň” ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
Türkiýede TEKNOFEST 2024 festiwaly açyldy
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti