Stambulda Geçirilen Ýaraşyk Gepleşikleri Dünýä Metbugatynda Giň Seslenme Döretdi

Stambulda Geçirilen Ýaraşyk Gepleşikleri Dünýä Metbugatynda Giň Seslenme Döretdi

Köp sanly daşary ýurt ýaýlym organy Preizdent R.T.Erdoganyň sözlerini birinji sahypadan berdi.

Dolmabahçe köşküniň öňünde düýn uzakly gün ýaýlym beren “Frans 24” Türkiýäniň töwellaçylyk missiýasyna ünsleri çekdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Prezident Erdogana ýakyn durýandygy beýan edildi.

Britaniýanyň The Guardian” gazeti bolsa Prezident Erdoganyň gepleşiklerden ozal eden açylyş çykyşyndaky “Dünýä gowy habarlara garaşýar” diýen sözlerini birinji sahypadan berdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň “Taraplaryň ylalaşyk boýunça öňe gitmegi kanagatlandyryjy” diýen sözlerine orun berdi.

ABŞ-nyň “Nýu-Ýork Taýms” gazeti “Stambulda täze bir sepgide ýetildi” diýip ýazan bolsa, Erdoganyň “Wekiliýetiň agzalary hökmünde siz taryhy jogapkärçilik aldyňyz” diýen sözleri öňe saýlandy.

Russiýanyň “İzwestiýa” gazeti wekiliýetleriň Stambulda birek-birege ýakynlaşandygyny ýazdy.

“Kommersant” gazeti bolsa Stambuldaky maslahatyň Putin bilen Zelenskiýniň duşuşma ähtimallygyny ýokarlandyrandygyna ünsleri çekdi.

Ysraýylyň “Taýms of Ysraýyl” gazeti habarynda Prezident Erdoganyň hüjümleriň bes edilmegi boýunça çagyryşyna orun berdi we Erdoganyň “Bütin dünýä sizden geljek gowy habarlara garaşýar” diýip ýazdy.

Gresiýanyň “Open TW”, “SKAİ” we “ERT” ýaly habar ýaýlymlary gepleşikler bilen bagly yzgiderli habar berdiler.

Hytaýyň Döwlet habarlar gullugy “Sinhua” hem TRT-den göni alynyp berilen ýaýlymlara salgylandy. Taraplaryň gepleşigiň netijeli geçendigi hakyndaky beýanatlaryna ünsleri çekdi.

Ýene degişli makalalar

“Gazada Hüjümler Gyssagly Bes Edilmeli”
Dünýäniň ünsi ýene-de bir gezek Türkiýä gönükdi
Bu krizisiň ady wyjdan krizisi"
TRT World Forum Stambulda Geçiriler
Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy