Stambulda 1500 Ýyllyk Däliz Tapyldy

Stambulda 1500 Ýyllyk Däliz Tapyldy

Saraçhane arheologiýa seýilgähinde ýerleşýän, Aýasofiýadan hem ozal gurlan Polieuktos buthanasynyň zolagynda arheologik gazuw-agtaryş işleri dowam edýär.

Keramatly Polieuktosyň adyny göterýän buthana, 11-nji asyrda ýumrulýar, soň bolsa talanýar. Buthananyň gymmatly bölekleri we sütünleri Wenesiýa alynyp gidilýär.

1960-njy ýyllarda ýerasty geçelgesiniň gurluşygynyň dowamynda buthana degişli taryhy eserleri ýüze çykarylýar.

Keramatly Polieuktos buthanasynyň ýerleşýän Saraçhane arheologik seýilgähinde 2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda gazuw-agtaryş işlerine başlandy.

Gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän giňişliginde ýerasty däliz tapyldy. İçinde mozaika we daş kakmalar bolan däliziň, işlenen mermerler bilen biçiwlenen we güberçekler bilen bezelen daşlary ünsleri çekýär.

Saraçhane arheologiýa seýilgähiniň 1 aý soň açylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenfilm birleşiginiň täze filmleri