Stambul şäheri şu ýylyň maý aýynda 1 mln 402 müň 366 daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi, bu hem soňky 33 aýda iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.
Stambulyň sebitleýin Medeniýet we syýahatçylyk edarasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji bäş aýynda türk şäherine baran daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 5 mln 284 müň 714 adama deň boldy. Şol bir wagtyň özünde, maý aýynda Stambula howa ýoly bilen gelen syýahatçylaryň sany 1 mln 381 müň 339 adam, deňiz arkaly gelenleriň sany 21 027 adam boldy.
Howa ýoly bilen gelen syýahatçylaryň 72,85%-i “Stambul” howa menziliniň, 27,04%-i bolsa Sabiha Gýokçen howa menziliniň paýyna düşýär.Iň köp syýahatçy Stambula Germaniýadan geldi 115 635 adam.
Onuň yzyndan gelýär: Eýran 98 751 adam, Russiýa 92 455, ABŞ 70 733, Beýik Britaniýa 65 243, Fransiýa 57 824, Ysraýyl 46 755, Yrak 34 816, Niderlandlar 34 777 we Özbegistan 32 204.
Stambula syýahatçylar akymynda germaniýalylaryň paýy 8,25 göterim, eýranlylar 7,04 göterim, ruslar 6,5 göterim, amerikanlar 5,04 göterim, britaniýalylar 4,65 göterim, fransuzlar 4,12 göterim we ysraýyllylar 3,33 göterim.
Umuman, Stambula dünýäniň 194 ýurdundan syýahatçy bardy.Tuwalu, Mikroneziýa Federatiw Ştatlary, Tonga, Papua-Täze Gwineýa we Gaýana döwletlerinden syýahatçy örän az bolup, hersine bir adamdan düşýär.