Türkmenistandan Türkiýä uçar biletlerine uly isleg saklanýarka, uçar sany artdyrylýar, emma munuň bilen birlikde türk wizasyny almak işi kynlaşýar.
Stambula gatnaýan uçarlaryň sany artdyrylyp, 4-den 5 reýse çenli köpeldildi. "Boeing 737-800" kysymly uçarda amala aşyrylan reýsler günde duşenbe - penşenbe aralygynda we şenbe günlerinde amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň hökümetçi onlaýn neşirleri habar berýär.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan habarly çeşme häzirki wagtda Türkmenistandan haýsy ugra köp ýolagçy gidýän bolsa, sol ugur boýunça reýsleriň köpeldilýändigini belleýär we şu sebäpden Germaniýanyň gatnaýan uçarlaryň sanynyň azalýandygyny belleýär.
"Hakykaty aýdanyňda uzak aralyga uçýan "Boing 777" uçary amala aşyrýar. Her reýsde 18-22 ýolagçy gelýärdi. Häzir hepdede 1 sapara çenli azalansoň şondan iki esse köp adam Frankfurt-Aşgabat aralygynda gatnaýar" diýip, çeşme aýdýar.
Frankfurt ugruna awgust aýynda ýola goýlan we hepdede iki gezek gatnan uçarlar 7-nji ýanwardan başlap hepdede bir gezege çenli azaldyldy. "Türkmenportal" neşri "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň çarşenbe günki (T5467) uçuşy ýatyryp, diňe şenbe günki reýsini (T5463) galdyrjagyny 3-nji ýanwarda habar beripdi.
Hökümetçi neşirleriň habaryna görä, ýanwarda Aşgabat-Frankfurt aralygyndaky uçar biletiniň bahasy 6850 manat çemesi bolup, fewraldan onuň arzanlap, 4877 manat boljagyna garaşylýar. Hut şu bahanyň fewral aýynda Aşgabat-Stambul uçarlaryna hem degişli boljagy aýdylýar. Hökümetçi neşirler uçar biletleriniň açyk satuwda bardygyny habar berýärler.
Azatlygyň habarçylary häzir Stambula uçar biletleriniň fewral aýyna satylýandygyny, ýanwar aýyna bilet tapdyrmaýandygyny aýdýarlar.
"Häzir Aşgabat-Stambul aralygyna 31-nji ýanwara çenli "Türkmenhowaýollarynyň" uçarlaryna bilet satylyp gutarypdyr. Ýanwara biletler dekabrda satylypdyr" diýip habarçymyz aýdýar.
Bu aralykda Türkiýä wiza almaga synanyşýan adamlaryň sany köpelýär. Uçar biletleri diňe wizanyň bolan ýagdaýynda satylýar.
"Aşgabat şäherindäki wiza bölüminde günde 100 adam nobata durýar. Wiza aljak raýat hemme resminamalary taýynlap barýar. Wiza bölüminde nobat ýetende, wiza üçin dokumentleri kabul etmezden öň wiza bölümiň işgärleri sorag geçirýär" diýip habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, sorag edişlikde saparyň sebäpleri, wiza aljak bolýanyň işleýän ýeri, Türkiýede kimiň bardygy soralýar.
Wiza alýanlara wagtynda gaýdyp gelmegiň tabşyrylýandygyny, bolmasa 10 ýyllyk deport belgisiniň goýuljagynyň duýdurylýandygyny habarçymyz wiza alanlara salgylanyp aýdýar.
Mundan öň Türkiýä gitmek isleýän adamyň yzyna gaýdyp geljegini kepil geçýän ençeme dokumenti tabşyrmalydygy mälim bolupdy. Habarçylar, syýahat etmekçi bolýan adamyň garyndaşlaryndan biriniň adalat bölüminde notarius tarapyndan tassyklanan kepilnama berip, onuň wiza möhletinde göz öňünde tutulan wagt aralygynda ýurduna gaýdyp geljegine güwä geçmeli bolýandygyny habar berdiler.
Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza talabyny sentýabr aýynda türkmen hökümetiniň haýyşy bilen girizdi. Ondan öň 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen raýatlary syýahatçylyk maksady bilen Türkiýä wizasyz baryp bilýärdi. Türkmen hökümetiniň oktýabrda Türkiýä yzygiderli uçar gatnawyny dikeltmegi wiza režiminiň girizilmeginiň göni yzýanyna gabat geldi.
Resmi taýdan Türkiýede 250 000 çemesi türkmenistanly ýaşaýar, garaşsyz çeşmelere görä, bikanun galýanlaryň sany birnäçe esse köp.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.