Türkiýäniň Stambul şäheri üstümizdäki ýylyň maýynda 1 million 366 müň sany daşary ýurtly jahankeşdeleri kabul etdi, bu soňky 33 aýda iň ýokary görkezijidir diýip, Trend ýazýar.
Şäheriň Medeniýet we turizm sebit edarasynyň maglumatlaryna görä, türk megapolisine baran daşary ýurtly jahankeşdeleriň sany şu ýylyň geçen bäş aýynda 5 million 285 müňe golaý boldy.
Stambula howa gatnawy bilen gelenler maýda 1 million 381 müň adam, deňiz gatnawlary arkaly gelen jahankeşdeleriň sany 21 müňden gowrak boldy.
Iň köp jahankeşde Germaniýadan geldi, olaryň sany 115 635 adam. Ondan soň sanawda Eýran (98 751 jahankeşde) durýar. Ilkinji üçlügi 92 455 adam bilen Russiýa jemleýär.
Umuman, seredilen döwürde Stambula dünýäniň 194 ýurdundan jahankeşde geldi.
Türkiýäniň bu gadymy şäherine iň az jahankeşdäniň gelen döwletleri Tuwalu, Mikroneziýanyň Federatiw Ştatlary, Tonga, Papua-Täze Gwineýa we Gaýanadyr, olaryň hersinden bir adam Stambula geldi.