11-nji oktýabrda agşam sagat 8 töwereklerinde “Oguzlaryň bilim we medeniýet boýunça hyzmatdaşlyk jemgyýeti” guramasynyň Stambuldaky edara jaýyndan çykyp barýan türkmenler nätanyş adamlaryň hüjümine sezewar boldy. Bu barada ynsan hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki fondy” we “Memorial” guramasy beýanat çap etdi.
Türkmen Helsinki gaznasyna görä, hüjümde iki aktiwist hem-de gurama baran bir myhman ejir çekdi raýat aktiwisti Aziz Mammedow ýüzüne agyr zarba aldy, burny döwüldi; jemgyýetiň ýolbaşçysy Nurmuhammet Annaýewiň çep eli şikeslendi, onuň içinde telefony we dokumentleri bolan sumkasy alyndy. Ejir çeken üçünji pida kellesinden agyr şikes alypdyr, onuň kellesine agyr predmet bilen urlupdyr.
Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar bu jenaýatyň polisiýa tarapyndan hasaba alnandygyny hem-de ejir çekenlere lukmançylyk kömeginiň berlendigini aýdýarlar.
Beýanata görä, aktiwistler hüjümçileriň birini 1-nji awgustda Stambulda türkmen demonstrantçylaryna hüjüm eden toparyň bir agzasyna meňzedýär.
Ýatlasak, 1-nji awgustda türkmen aktiwistleri Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde protest aksiýasyny geçirmäge synanyşanlarynda näbelli adamlar tarapyndan urlup-ýenjildiler.
Aktiwistler bu gezek hüjümçiniň elinde bir metal predmetiň bolandygyny aýdýarlar.
Galyberse-de, beýanata görä, hüjüme sezewar bolan Nurmuhammet Annaýew Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň geçirjek çäresine gatnaşmak üçin 14-15-nji oktýabrda Warşawa sapar edip, bu çärede türkmen hökümetini tankytlamagy planlaşdyrýan ekeni.
Türkmen aktiwistlerine edilýän hüjümler türkmen režiminiň türk häkimiýetlerinden Türkiýede ýaşaýan öz raýatlaryna basyş edilmeginiň öwezine Türki Geňeşe goşulmaga razyçylyk bildirýändigi barada habarlaryň gowuşýan wagtlaryna gabat gelýär.
Ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň çeşmesi Türkiýede türkmen raýat jemgyýetiniň wekilleriniň yzarlanjakdygy barada habar beripdi.
Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlarynyň arasynda türkmen hökümetine garşy protest hereketleri ýüze çykýan mahaly we bu hereketleriň zor bilen basylyp ýatyrylmak synanyşyklary baradaky aladalaryň arasynda Azatlyk Radiosy Türkiýede ýaşaýan türkmenisanlylaryň raýat we syýasy işjeňlikleri boýunça ýerli synçy Serdar Aýtakow bilen söhbetdeş boldy.
“Türkiýede emele gelen bu toparlary, elbetde, oppozisiýa diýip atlandyrmak heniz mümkin däl. Bular türkmen häkimiýetleriniň hereketlerinden, umuman, syýasatlaryndan nägile, gaharly türkmen ýaşlary” diýip, ýerli synçy aýtdy.
Ýöne muňa garamazdan, Aýtakowyň sözlerine görä, türkmen režiminden nägile ýaşlar, olaryň protest hereketleri türkmen häkimiýetlerini örän ynjalykdan gaçyrýar.
Synçynyň sözlerine görä bu ynjalyksyzlygyň esasy üç sebäbi bar:
Birinjiden, täze protest tolkuny Türkmenistanyň çäginden daşarda, Türkiýede emele gelýär. Häkimiýetler ol ýere arkaýyn baryp, protest hereketini repressiýa duçar edip bilmeýär. Ýurduň içinde bolan bolsadylar, häkimiýetler protest hereketine gatnaşyjylara basyş ederdi. Şonuň üçin hem, synçynyň sözlerine görä, häkimiýetler olaryň ýurt içindäki hossarlaryny nyşana alýarlar.
Ikinjiden, synçynyň pikiriçe, garşylyk hereketi heniz režimiň doly guramaçylykly garşydaşyna öwrülmedik hem bolsa, ol heniz ýurduň daşynda hem bolsa, bu türkmen häkimiýetlerine çynlakaý howp abandyrýar sebäbi, türk häkimiýetleri olary islendik pursatda yzlaryna, Türkmenistana iberip biler. Muňa bolsa, türkmen režimi, belki-de, garşy durup bilmez.
“Türkiýedäki türkmen migrant işçileriniň sany ýüzlerçe müň. Olar erkinligiň tagamyny datdylar. Olar diňe öz güýçlerine bil baglap ýaşamagy, işlemegi öwrendiler. Türkmen häkimiýetleri olaryň piňine-de däl’. Olaryň köpçülikleýin ýurda dolanmagy syýasy we ykdysady krizisi tutaşdyryp biler” diýip, ýerli synçy aýtdy.
“Bu ýagdaýa Aşgabat düşünýär, ýöne muňa Ankara-da düşünýär” diýip, ol sözüne goşdy. Ankara mundan Aşgabada basyş etmekde üstünlikli peýdalanýar.
Ýerli synçy Türkiýede türkmen režimine garşy emele gelen täze işjeňlik bilen türkmen oppozisiýasyny deňeşdirýär. Onuň ynanjyna görä, türkmen hökümetiniň çynlakaý syýasy garşydaşy, syýasy oppozisiýasy bolmandy, oppozisiýa öňki emeldarlardan we iş adamlaryndan ybarat emigrasiýadaky toparlardan ybaratdy. Olarda syýasy we sosial baza hem ýokdy.
Ýöne Türkiýede emele gelen we heniz oppozisiýa öwrülmedik täze hereket sosial mediada işjeňleşýär we daşary ýurtlarda dürli köpçülik çärelerini geçirýärler.
“Olar heniz oppozisiýa däl, ýöne bolmagy mümkin” diýip, ýerli synçy aýtdy. Onuň sözlerine görä, emele gelen täze garşylyk tolkunynyň ýurt içinde-de goldawçylary bar, ýöne olar, heniz fiziki howpsuzlykdan ätiýaç edip, aç-açan çykyş edip bilmeýärler. “Türkiýedäki toparlar bolsa, erkin hereket edýär” diýip, synçy aýtdy.
“Şeýle-de, olar heniz tejribesiz, olarda birleşmek üçin, nägilelikden başga, umumy pikir ýok. Ýöne olar aç-açan muny gazanmagyň ýolunda” diýip, synçy belledi.
Türkmen häkimiýetleriniň ynjalyksyzlygynyň üçünji sebäbi, synçynyň pikiriçe, olaryň türk täsirinden ätiýaç etmegi. Synçynyň ynanjyna görä, türkmen häkimiýetleri ýurda dolanjak migrantlaryň türk täsirine wekilçilik etmek ähtimallygyndan hem-de mundan Türkiýäniň peýdalanmak mümkinçiliginden alada galýarlar.
Aýtakowyň sözlerine görä, migrantlaryň arasynda eýýäm türk ýörite gulluklary bilen hyzmatdaşlyk etmekde, ýa-da türk bähbitlerine hyzmat etmekde güman edilýän adamlar bar.
“Häkimiýetleriň onça adama gözegçilik etmäge, olary üzňeleşdirmäge, “türmä basmaga” ýagdaýy ýok, beýleki tarapdan häkimiýetler halk bilen işleşmek islemeýär, ýöne has gorkunjy olaryň halk bilen işleşmäge ukyby ýok. Şonuň üçin, konflikt gutulgusyz, hut şol sebäpden hem türkmen häkimiýetleri halk köpçülikleýin Türkmenistana dolanmaz ýaly, ýa-da olary “täzeden terbiýelemek maksady bilen” olaryň az-azdan ýurda dolanmagyny gazanmak üçin hemme zady etmäge taýýar” diýip, Aýtakow aýtdy.
Stambuldaky hüjümler, Aýtakowyň pikiriçe, isle türkmen häkimiýetleriniň hakyna tutan adamlary tarapyndan amala aşyrylan bolsun, isle-de türk ýörite gulluklarynyň kömegi bilen başa baran bolsun, tapawudy ýok, öňde-soňda, “bu hüjümleri Aşgabat sargady”
“Türkmen migrantlary bolsa has uly geopolitiki oýunlaryň we intrigalaryň, has uly syýasatyň pidalary boldy” diýip, synçy sözüni jemledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.