Stambul: türk aklawçysy türkmen resmilerini suda berdi

Stambul: türk aklawçysy türkmen resmilerini suda berdi

Türkiýäniň aklawçysy Gülden Sonmez Stambulyň Çaglaýan suduna ýüz tutup, birnäçe türkmen resmisine garşy jenaýat işini açmagy sorady. Türk aklawçysy, öz watanynda we Türkiýede dürli kynçylyklara, şol sanda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda pasport we beýleki resminamalary almakda kynçylyk çekýän türkmen raýatlarynyň adyndan çykyş edýär.

21-nji iýunda Çaglaýan kazyýetine käbir müşderileri bilen baran aklawçy Gülden Sonmez türkmen raýatlarynyň duçar bolýan kynçylyklarynyň aradan aýrylmagyny we jogapkärleriň jogaba çekilmegini isledi. Onuň suda tabşyran arzasyna Türkmenistanyň öňki we häzirki resmileriniň 8-niň ady görkezilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň, daşary işler ministri Reşit Meredowyň, içeri işler ministri Muhammet Hydyrow bar. Bu barada türk metbugaty habar berýär.

Aklawçy sud binasynyň öňünde çykyş edip, türkmen häkimiýetlerini adam hukuklaryny bozmakda, gynamakda we "adamzada garşy jenaýatlarda" aýyplady we türk kazyýetinden birnäçe ýokary derejeli türkmen resmisine garşy jenaýat işini açmak baradaky arza garamagyny isledi.

“Türkmenistan hökümetiniň tejribelerini tankyt edýän adamlar, hususan-da öz durmuşynda dürli kynçylyklara duçar bolýan adamlaryň tankytlary we talaplary, özge syýasy garaýyşlar, dürli syýasy aktýorlar Türkmenistanyň hökümetiniň dürli platformalarynda, hatda daşary ýurtlarda basyşlara sezewar bolýar.

Eden-etdilikli tussag edilen adamlar, zorlukly ýitirim edilenler, aragatnaşyk ýiten adamlar, kazyýetden daşary jezalandyryş, agyr türme şertleri sebäpli ölümler, gynamalar we ýowuz daraşmalar ýaly bir topar jenaýata baş goşulýandygyny bilýäris.

Prokuratura beren arzamyzda köp sanly suratlary, resminamalary, hatda Türkmenistanyň türmelerinde ölen adamlaryň atlaryny we bolan wakalary, Türkmenistanda ýitirilen adamlaryň maglumatlaryny, Türkiýede ýaşap ýören mahaly käbir türkmenistanlylar tarapyndan haýbat atmalara sezewar bolan adamlara degişli resminamalary, pasport we beýleki resminamalary, dogluş ýa-da nika şahadatnamalaryny alyp bilmeýändikleri sebäpli hüjüm we basyşlara sezewar bolýan pidalaryň subutnamalaryny we resminamalaryny kazyýete berdik” diýip, adwokat Gülden Sönmez aýtdy.

Türk aklawçysynyň arzasy Stambul suduna tabşyrylmagynyň yzýany türkmen aktiwistler we olaryň aklawçylary binanyň öňünde žurnalistlere interwýu berdi. Jemlenen on töweregi aktiwist türkmen baýdaklaryny we “Döwlet adam üçindir. Häkimiýetler ýüzüni halka tarap öwürmeli "," Hereket azatlygy hukuk"," Söz we pikir azatlygy "," Pasport almak hukuk" ýazgyly şygarlary göterip durdular.

Türk aklawçysynyň Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak boýunça edýän tagallalary barada türk metbugatynda giňden habar berildi.

Türkiýede ýaşaýan we zähmet çekýän türkmen raýatlary ençeme ýyl bäri pasportlaryny uzaltmakda we Türkiýede kanun esasda ýaşamak üçin dikumentlerini düzetmeke kynçylyk çekýärler.Türkmen raýatlary, Türkmenistanyň Stambuldaky Konsullygynyň esasy dokumentleri, şol sanda nikalaşmak üçin zerur bolan resminamalary we täze doglan çagalar üçin dokumentleri almak üçin zerur kagyzlary bermekden ýüz öwrýändigini aýdýarlar.

Bu bolsa türkmenleriň esasy hukuklarynyň Türkiýedäki türkmen resmileri tarapyndan bozulýandygyny aňladýar. Şeýle-de, türkmen raýatlary öz ýurdunda we daşynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan dürli basyşlara sezewar bolýandygyny habar berýärler.

Türk häkimiýetleriniň resmi maglumatlaryna görä, Türkiýede kanun esasda birnäçe ýüz müň türkmen raýaty ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sany birnäçe esse köp, Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmenistanlylaryň köpüsi dokumentlerini düzetmekde çekýän kynçyyklary zerarly bikanun ýagdaýda ýaşaýar.

Türkmenistanyň hökümeti migrasiýanyň möçberini we problemalaryny görkezýän resmi sanlary çap etmeýär.

Türkmenistanda uzaga çeken ykdysady kynçylyklar, ýokary işsizlik we ilatyň durmuş derejesiniň peselmegi sebäpli ýüzlerçe müň türkmen raýaty beýleki ýurtlara işlemäge gitdi. Türkmenistandan daşary ýurtlara zähmet migrasiýasynyň esasy ugry Türkiýe bolup durýar, sebäbi bu ýurt türkmen raýatlaryndan wiza talap etmeýär.

Bir gün öň 20-nji iýunda Bütindünýä bosgunlar gününe gabat Stambulda türk we türkmen jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda metbugat konferensiýasy geçirildi. Çärä gatnaşanlar türkmen raýatlarynyň Türkmenistanda we onuň daşynda duçar bolýan kynçylyklaryny gumanitar krizisi diýip atlandyrdylar we jemgyýetçiligi türkmen migrantlarynyň meselesine üns bermäge çagyrdylar.

Stambulda Fatih etrap häkimliginiň Zübeyde Hanym medeni merkezinde geçirilen bu ýygnaga ençeme jemgyýetçilik guramanyň wekili gatnaşdy: "Mazlumder" guramasynyň başlygy Kaýa Kartal, "Özgürder" guramasynyň prezidenti Rydwan Kaýa, IHH Gumanitar kömek gaznasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Mustafa Özbek, UMHD-iň prezidenti Abdullah Resul Demir, Adwokatlar birleşiginiň aklawçysy Mehmet Ridwan Arslan, şeýle-de Türkmenistanyň käbir raýatlary we olaryň aklawçysy Gülden Sönmez.

Bu barada SonDakika neşiri habar berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri öz halkynyň kynçylyklaryny, şol sanda migrasiýa we ykdysady problemalaryň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler.

30 ýyl bäri Türkmenistanda başgaça pikirdäkilere berk gysyş görkezilýär, garaşsyz syýasy we jemgyýetçilik guramalary gadagan edilýär we metbugat azatlygy çäklendirilýär. Türkmenistanyň raýatlary ýurduň içinde we daşynda islendik tankyt ýa-da aç-açan nägilelik üçin yzarlanýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa Bileleşigi Ukraina goldaw bermäge dowam eder
TİKA Azerbaýjanda Ýene-de Bir Taslamany Iş Ýüzüne Geçirdi
Türkiýe Gruziýa Goldawyny Dowam Etdirýär
Estoniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kiberhowpsuzlyk boýunça mejlisini geçirer
Türkiýe, Ýewropa Göreş Çempionadyny 8 Medal Bilen Tamamlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny