Stambul şäheri hem indi Mişlen ýyldyzly restoranlara eýe

Stambul şäheri hem indi Mişlen ýyldyzly restoranlara eýe

Sanawynda 53 türk restorany bolan halkara derejede tanalýan şol ýol görkeziji nähili ýagdaýda ýüze çykdy, ýyldyz beriljek restoranlar nähili saýlanýar?

Eýýäm 100 ýyldan gowrak wagt bäri çap edilýän Mişlen kitapçasy dünýädäki iň gowy restoranlaryny kesgitleýär. Şu ýyl 53 türk restorany şol kitapçanyň sanawyna girdi. Mundan başgada Türkiyäniň ilkinji Mişlen Ýyldyzly restoranlary belli boldy. Şol ýol görkeziji nähili ýagdaýda ýüze çykdy, ýyldyz beriljek restoranlar nähili saýlanýar?

Türk restoranlary hem indi dünýä derejede uly abraýa eýe bolan Mişlen sanawyna girmäge başlady.Nyşanly gollanma nähili döredi?Mişlen Ýyldyzy haýsy ýyldan bäri berilýär?Kitapçanyň Stambul sanawynda 53 türk restorany bar. Şolaryň 5 sanysy Mişlen Ýyldyzyna eýe bolýan bolsa, 10 sanysy Bib Gourmand sylagyna, ýagny arzan bahadan nahar hyzmatyny berýän, emma ýokary derejeli tagamlara eýe bolan restoranlar synpyna we galan 38 sanysy bolsa Mişlen tarapyndan halkara derejede maslahat berilýän restoranlardyr.

Mişlen ýol görkezijisiniň taryhy...

Ilkinji neşiri tekerleriniň satuwyny artdyrmak üçin taýarlandy we 1900-nji ýylda çap edildi.

Ilkinji neşirde sürüjileriň ulaglaryň tekerlerini nädip çalyşmalydygyny, ýaşayş ýerleriň görnüşleri, naharlanyp boljak ýerleriň sanawy bardy.

Mişlen 1926-njy ýylda restoranlary ýyldyzlar bilen sylaglandyrmaga başlady.

Ulag şaýlaryna degişli reklamalar aýryldy, restoranlar kategoriýalar boýunça bölündi.

Kitapça 1920-nji ýyldan başlap satylmaga başlandy.

Mişlen Ýyldyzynyň ölçegleri aşakdaky kriteriýalara görä esaslanýar:

Önümleriň Hili,

Tagamlaryň sazlaşygy,

Nahar bişirmek usullaryndaky ussatlyk,

Aşpeziň aşhanadaky häsýeti,

Menýu bilen barlagçylaryň saparlarynyň arasyndaky yzygiderlilik.

Ýyldyzlaryň sany boýunça manysy:

1 ýyldyz: Öz kategoriýasynda gowy restoran

2 ýyldyz: Ýoluňyzy üýtgetmegiňize degjek derejede ajaýyp restoran

3 ýyldyz: Aýratyn syýahat etmäge mynasyp adatdan daşary ýagdaýdaky ajaýyp restoran manysyny berýär.

Ýene degişli makalalar

Zyýat Hil konditer dükanlary süýjülikleri gowy görýänleri täze medowik tortlary bilen begendirýär
Bolu Mengen Kaldyryk Dolamasy
Eýran Tagamlari
Eýran Tagamlari
Hepdäniň aýagynda Türkmenistanda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, Ahalda Saglyk ýoly gurlar, Kazanda Türkmenistan awiakompaniýasynyň täze kassasy açyldy
Google Pixel 7 tagamly çipsi çykardy
Eýran Tagamlari