
Bütindünýä raýat awiasiýa pudagynyň möhüm sylaglarynyň biri bolan "Air Transport Awards" sylaglaryna laýyk görülen howa menzilleri mälim boldy.
Türkiyäniň dünýä açylan gapysy bolan Stambul howa menzili 2021-nji we 2022-nji ýyllardan soň, indi bolsa şu ýyl hem Ýylyň howa menzili hökmünde saýlandy.
Üçünji gezek sylaga laýyk göülen Stambul howa menzili yzly-yzyna iň gowy howa menzili hökmünde saýlanan ilkinji howa menzili boldy.
Bäsleşigiň ozalky käbir ýeňijileri bolsa Singapur Changi, Dubaý, Lissabon we Doha howa menzilleridir.