Stambul howa menzili "Ýewropanyň iň gowy howa menzili" sylagyna laýyk görüldi

Stambul howa menzili "Ýewropanyň iň gowy howa menzili" sylagyna laýyk görüldi

Stambul howa menzili ACI Europe tarapyndan 40 milliondan gowrak ýolagça hyzmat beren howa menzilleri kategoriýasynda "Ýewropanyň iň gowy howa menzili" sylagyna laýyk görüldi.

Stambul howa menziliniň dolandyryjy kärhanasy IGA tarapyndan berilen beýanata görä ady agzalan sylag, Stambulda geçirilen 34-nji Ýewropanyň howa menzilleri geňeşiniň ýyllyk baş kongresinde ACI Europe guramasynyň baş direktory Oliwer Ýakowets tarapyndan IGA-nyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Selahattin Bilgene gowşuryldy.

Stambul howa menzili meňzeş bala eýe bolan we geçen ýyl hem 1-nji oruna mynasyp bolan Rimdäki Fýumiçino howa menzili bilen sylagy paýlaşdy.

IGA-nyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Selahattin Bilgen Stambul howa menziliniň ýene-de bir gezek sylaga laýyk görülmeginden hoşaldygyny beýan etdi.

Bilgen sylagyň kämilligi dowam etdirmek üçin özleri üçin ylham çeşmesi boljakdygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Taryhyň synagy (2-nji bölüm): "Gaçan gutular, duran tutular"
“Agama” alpinistler kluby 25 ýyllygyny belleýär
Gold cup futbol bäsleşigi
Türkmenistanda unudylýan’ döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy
Türkmenistanda 'unudylýan' döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy
“CONCACAF Gold Cup” futbol bäsleşigi