
Türkiyäniň Stambul howa menzili 26-njy awgust bilen 1-nji sentýabr aralygynda gündelik ortaça 1494 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy.
Eurokontrol edarasynyň 26-njy awgust bilen 1-nji sentýabr aralygyndaky görkezijilerine görä, Stambul howa menzili ady agzalýan döwürde gündelik ortaça 1494 uçar sapary bilen Ýewropanyň in gelim-gidimli howa menzili boldy.
Stambul howa menzilinden soň gündelik 1447 uçar sapary bilen Pariž Şarl de Gol howa menzili 2-nji, 1442 uçar sapary bilen Amsterdam Shiphol howa menzili 3-nji, gündelik 1359 uçar sapary Londonyň Heatrou howa menzili bolsa 4-nji boldy.
Antalýa howa menzili hem gündelik ortaça 1028 uçar sapary bilen sanawyň 8-nji ornuna mynasyp boldy.